Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

1992-nji ýylyň oktýabrynda dynç gününi başga güne geçirmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

1992-nji ýylyň oktýabrynda dynç gününi başga güne geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

1992-nji ýylyň oktýabrynda dynç gününi başga güne geçirmek hakynda

050.070.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 9, 661-madda)

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli hem-de zähmetkeşleriň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen karar edýärin:

1. 1992-nji ýylyň 26, 27, 28-nji oktýabryny Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bir ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk günleri (iş günleri däl) diýip hasap etmeli.

2. Iş gününi 26-njy oktýabrdan 25-nji oktýabra geçirmeli.

3. Profsoýuz komitetleri bilen ylalaşyp, 24-nji oktýabry iş güni diýip bellemek bilen nobatdaky zähmet rugsadyna goşmaça dynç gününi goşmaga 5 günli iş hepdesi boýunça işleýän kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylaryna ygtyýar bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 15-nji sentýabry

№ UP-589