Ahal welaýatynyň Büzmeýin şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ahal welaýatynyň Büzmeýin şäheriniň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 10, 512-nji madda)
Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň şäherleriniň atlaryny döwrebaplaşdyrmak, olara agzybir türkmen halkymyzyň milli ruhuna laýyk gelýän täze atlary dakmak, senagat şäherimiz bolan Büzmeýin şäherini mundan aňryk has-da ösdürmek maksady bilen we Ahal welaýatynyň ähli ilatynyň haýyşlaryny we Büzmeýin şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
1. Ahal welaýatynyň Büzmeýin şäheriniň adyny Abadan şäheri diýip üýtgetmeli we mundan beýläk ony Ahal welaýatynyň Abadan şäheri diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda posýoloklaryň we geňeşlikleriň sanawyna üýtgetme girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 7-nji oktýabry
№ РР-3729