Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Tagta posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Tagta posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Tagta posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 10, 511-nji madda)

Daşoguz welaýatynyň ilatynyň arzuw-isleglerini we Görogly etrabynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:

l. Daşoguz welayatynyň Görogly etrabynyň Tagta posýologynyň adyny üýtgedip, oňa Görogly adyny dakmaly we mundan beýläk ony Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Görogly etrap merkezi diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanda posýoloklaryň we geňeşlikleriň Türkmenistanyň Prezidentniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan sanawyna üýtgetme girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 7-nji oktýabry

№ РР-3728