Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 9, 482-nji madda)
Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli däp-dessurlaryny täzeden durmuşa ornaşdyrmak, ýaş neslimizde ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna beýik buýsanjy we söýgini kemala getirmek, olary eždatlarymyza mahsus bolan watançylyk, merdanalyk we edermenlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň ilatynyň isleglerini hem-de Daşoguz welaýatynyň we Tagta etrabynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
1. Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň adyny Görogly etraby diýip üýtgetmeli we mundan beýläk ony Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda posýoloklaryň we geňeşlikleriň sanawyna üýtgetme girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 25-nji sentýabry
№ PP-3724