Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 4, 481-nji madda)
Daşoguz welaýatynyň ähli ilatynyň, Daşoguz etrabynyň ýaşulularynyň, daýhan birleşikleriniň geňeşlikleriniň köp ýyldan bäri edýän haýyşlaryny, Daşoguz etrabynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimlikleriniň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:
1. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz etrabynyň adyny S.A.Nyýazow adyndaky etrap diýip üýtgetmeli we mundan beýläk ony Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda posýoloklaryň we geňeşlikleriň sanawyna üýtgetme girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 20-nji sentýabry
№ PP-3723