Gyzylarbat etrap, şäher we Gökdepe etrap sudlary üçin sudýalaryň sanyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gyzylarbat etrap, şäher we Gökdepe etrap sudlary üçin sudýalaryň
sanyny bellemek hakynda
180.020.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 7, 434-madda)
Gyzylarbat etrap, şäher we Gökdepe etrap sudarynda işleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen karar edýärin:
1. Gökdepe etrap sudunyň sudýalarynyň sanyny 1 birlik artdyryp, Gyzylarbat etrap, şäher sudunyň sudýalarynyň sanyny 1 birlik kemeltmeli.
2. Sudýalaryň sanyny Gyzylarbat etrap, şäher sudy üçin – 2 sudýa we Gökdepe etrap sudy üçin - 2 sudýa mukdarda bellemeli.
3. «Oblast we Aşgabat şäher sudlarynyň, raýon, şäher sudlarynyň ýanyndaky administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş sudýalarynyň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezzidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 665 kararyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 17-nji iýuly
№ UP-502