«Türkmenhowaýollary» milli müdirligini «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna öwürmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenhowaýollary» milli müdirligini «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna öwürmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 7, 329-njy madda)
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, awiaýolagçylara hyzmat edilişiniň medeniýetini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyna we yzygiderliligine täsirli gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, karar edýärn:
«Türkmenhowaýollary» milli müdirligini «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna öwürmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 4-nji iýuly
№ PP-3662