Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň alyjylar kooperasiýasy sistemasynyň has tapawutlanan işgärlerini Türkmenistanyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň alyjylar kooperasiýasy sistemasynyň has tapawutlanan işgärlerini Türkmenistanyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň alyjylar kooperasiýasy sistemasynyň has tapawutlanan işgärlerini Türkmenistanyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 7, 412-madda)

Alyjylar kooperasiýasy sistemasynda uzak ýyllap birkemsiz işlanligi, ýokary hünär ussatlygy üçin, şu aşakdakylary Türkmenistanyň hormat haty bilen sylaglamaly:

Mary welaýatynyň alyjylar soýuzynyň Wekilbazar önümçilik birleşiginiň çörek bişirýän kärhanasynyň müdiri Taýmaz Baýramowa.

Aşgabat etrabynyň alyjylar soýuzynyň awtobazasynyň awtomobil sürüjisi Hojaberdi Baýewi.

Balkan welaýatynyň alyjylar soýuzynyň Gyzylgaýa alyjylar jemgyýetiniň naharhanasynyň aşpezi Wera Aleksandrowna Işangulyýewany.

Daşhowuz welaýatynyň alyjylar soýuzynyň Köneürgenç etrap alyjylar jemgyýetiniň önümçilik kombinatynyň, çörek bişirijisi Hydyrbaý Hekimbaýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 3-nji iýuly

№ UP-479