Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän, hakyky gullugyň bellenilen möhletini gulluk eden harby gullukçylary Ýaragly Güýçlerden, serhet goşunlaryndan we içerki goşunlardan zapasa boşatmak hem-de Türkmenistanyň graždanlarynyň hakyky harby gulluga nobatdaky çagyryşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän, hakyky gullugyň bellenilen möhletini gulluk eden harby gullukçylary Ýaragly Güýçlerden, serhet goşunlaryndan we içerki goşunlardan zapasa boşatmak hem-de Türkmenistanyň graždanlarynyň hakyky harby gulluga nobatdaky çagyryşy hakynda
150.110.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 3, 200-madda)
«Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda karar edýärin:
1. Hakyky harby gullugyň bellenilen möhletini gulluk eden harby gullukçylary 1992-nji ýylyň aprelinde - iýunynda Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän Ýaragly Güýçlerden, serhet gožunlaryndan we içerki goşunlardan zapasa boşatmaly.
2. 1992-nji ýylyň aprelinde - iýunynda Türkmenistanyň erkek jynsyndaky, gaşyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, hakyky harby gulluga çagyryşdan gaýra goýulmaga hukugy bolmadyk graždanlaryň şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga bolan hukugyny ýitiren, çagyryş ýaşdaky uly ýaşly graždanlaryny möhletli hakyky harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güyje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 30-nji marty
№ UP- 353