Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 4, 171-madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 15.08.2025 ý. çykaran № PP-570 Permany esasynda girizilen goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny has-da kämilleşdirmek, ýokary hünärmenlik biliminiň hilini has ösen ýurtlaryň derejesine çenli ýokarlandyrmak we milli medeniýetiň ajaýyp däplerinde hem-de mukaddes Ruhnama bilen terbiyelenen, türkmen halkynyň altyn asyry bolan XXI asyrda gülläp ösýän we demokratik Türkmenistany mynasyp özgerdijiler bolan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Jemgyýetçilik başlangyçlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döwlet howandarlary wezipelerini girizmeli.
2. Ýokary okuw mekdepleriniň okuw we terbiýeçilik işine gözegçiligi amala aşyrmak, Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň bilim babatdaky syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ýokary okuw mekdeplerine kömek bermek boýunça borçlary ýokary okuw mekdepleriniň döwlet howandarlarynyň üstüne ýüklemeli.
3. Türkmenistanyň ahli ýokary okuw mekdeplerinde:
okuw iş boýunça prorektor;
ylmy iş boýunça prorektor wezipelerini girizmeli;
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Uniwersitetiň bejeriş işleri boýunça prorektory wezipesini girizmeli.
4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň işine gözegçilik etmeli we ony utgaşdyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 8-nji apreli
№ PP-3624