Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

On alty ýaşy dolan raýatlaryň zähmet hukuklaryny giňeltmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

On alty ýaşy dolan raýatlaryň zähmet hukuklaryny giňeltmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

On alty ýaşy dolan raýatlaryň zähmet hukuklaryny giňeltmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 4, 155-nji madda)

Altyn asyryna gadam basan garaşsyz we bitarap Türkmenistanda ýaş nesle, ýaşlaryň konstitusion hukuklaryny, şol sanda olaryň zähmete bolan hukugyny doly durmuşa geçirmäge ýardam edýän şerteriň döredilmegine barha köp üns berilýär.

On alty ýasy dolan raýatlaryň zähmet hukuklaryny giňeltmek maksady bilen, karar edýärin:

1. On alty ýasy dolan raýatlara eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalar, guramalar we edaralar bilen zähmet hukuk gatnaşyklaryna girmäge rugsat bermeli.

2. Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri on alty ýasy dolan adamlaryň zähmet çekmegini we olaryň zähmete bolan hukuklaryny durmuşa geçirmegi üpjün edýän yörite maksatnamany işläp taýýarlamaly.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi kanunlara 18 ýasy dolmadyk işgärlere işiň özlerine gowşurylan gymmatlyklary gös-göni saklamak, işläp geçmek, satmak (goýbermek), daşamak ýa-da önümçilik işiniň dowamynda ulanmak bilen baglanyşykly aýry-aýry gornüşlerini amala aşyrmaga rugsat berýän üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen bilelikde 10 günüň dowamynda taýýarlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 1-nji apreli

№ PP-3606