Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tapawutlanan etrap häkimlerini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tapawutlanan etrap häkimlerini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tapawutlanan etrap häkimlerini «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 11, 504-nji madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, oba-hojalygynda gazanan ýokary üstünliklerini, halal we önjeýli zähmetini göz öňünde tutup, şonuň ýaly-da agzybir türkmen halkymyzyň altyn asyrynyň ikinji ýylynda bellenilen şanly 10 ýyllyk baýramyny ýokary öndürijilikli iş bilen şöratlandyrandygyny nazara alyp:

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkimi Bazargeldi Çaryýewi,

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Hezretguly Baltaýewiç Myradowy,

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi Ýoldaş Gurbanowy,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi Gurbandurdy Saryýewi,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi Geldimyrat Bazarowy,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi Hemraguly Mediýewe,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň häkimi Muhammetnazar Gurbanowy,

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi Narguly Rozybaýewi,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi Kemal Hemragulyýewi,

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň häkimi Gandym Hannaýewi «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 5-nji noýabry

№ PP-3489