Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 11, 502-nji madda)

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, ata Watanymyzyň rowaçlanmagy we gülläp ösmegi ugrunda çeken halal, gaýratly zähmetlerini hem-de türkmen halkynyň Altyn Asyrynyň ikinji ýylynda dabaraly bellenilip geçilen Beýik Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk baýramynda geçirilen toý çärelerini taýýarlamaga goşan uly goşantlaryny göz öňünde tutup, şulary Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

«Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Adatdan daşary ýagdaýlardaky saglygy goraýyş merkeziniň başlygy Hemraguly Italmazowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat» restoranynyň direktory Galina Filipowna Kuçenaşy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat» restoranynyň direktorynyň orunbasary Aleksandr Andreýewiç Babaýansy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň içerki bazaryň harytlaryny we hyzmatlaryny sazlaýyş bölüminiň başlygynyň orunbasary Parda Hydyrowiç Işpulatowy,

Türkmenbirleşigiň Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň başlygy Orazmämmet Annamämmedowy,

Türkmenbirleşigiň Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetleriniň başlygynyň orunbasary Kakabaý Halbaýewi,

Türkmenbirleşigiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň başlygynyň orunbasary Joraguly Matyşewi,

Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň başlygy Begmyrat Çaryýewiç Imamberdiýewi,

Lebap welaýat häkimliginiň guramaçylyk bölüminiň müdiri Alym Joraýewi,

Daşary işler ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygy Homma Akmämmedowy,

Balkan welaýatynyň medeniýet bölüminiň ýolbaşçysy Durdy Baýramowy,

S.A.Nyýazow adyndaky atçylyk zawodynyň direktory Muhammet Muhammetseýidowy,

S.A.Nyýazow adyndaky atçylyk zawodynyň baş seýsi Kakow Agamyradowy;

«Watana bolan söýgüsi üçin» ýubileý medaly bilen:

Ministrler Kabinetiniň Gurluşygy seljermek we ösdürmek bölüminiň müdiri Aman Orazmedowiç Nuryýewi,

Aşgabat şäheriniň Gurluşyk trestiniň başlygy Nurgeldi Annagulyýewi,

Türkmen Döwlet Neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň başlygy Annanur Atajanowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Saglygy goraýyş bölüminiň konsultanty Seýitli Orazberdiýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň direktory Amanguly Pälwanowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Dokma senagaty we halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň müdiriniň orunbasary Jepbar Täçdurdyýewiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aýna» kärhanasynyň başlygy Gurbannazar Maryýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabatjemgyýetçilikiýmiti» kärhanasynyň başlygy Ilogly Mämmetgurbanowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Mizan» Biznes-merkeziniň başlygy Şamuhammet Çaryýewiç Guldurdyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Täçmyrat Saryýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Azyk harytlaryny gaýtadan işlemek bölüminiň müdiri Aýna Aýdogdyýewna Gurbanowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň kömekçisi Tirkeş Kakaýewiç Söýünmyradowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Hojalyk müdirliginiň Gurluşyk-abatlaýyş edarasynyň ýolbaşçysy Raşit Rejebowiç Şabanowy,

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhyýet» köşgüniň toklar boýunça esasy hünärmeni Baýram Annaýewiç Kulyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň «Mekan» köşgüniň tehniki direktory Guwanç Patyşagulyýewiç Rejebowy,

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhyýet» köşgüniň toklar boýunça esasy hünärmeni Daňatar Gylyjowy,

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhyýet» köşgüniň toklar boýunça 1-nji derejeli hünärmeni Tahyr Annaýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň «Mekan» köşgüniň esasy hünärmeni Mergengylyç Amangylyjowiç Nyýazgylyjowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň «Mekan» köşgüniň hojalyk müdiri Raisa Popowany,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň «Mekan» köşgüniň tam arassalaýjysy Bahar Meretgulyýewany,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň «Mekan» köşgüniň tam arassalaýjysy Oguldursun Rejebowany,

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhyýet» köşgüniň tam arassalaýjysy Aknabat Orazowna Muhammedowany,

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhyýet» köşgüniň tam arassalaýjysy Amangözel Garababaýewany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Medeniýet we metbugat boýunça utgaşdyryjy geňeşiň konsultanty Altyn Meretmuhammedowna Çaryýewany,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Başaşgabatarhitektura» müdirliginiň başlygy Geldimyrat Akmyradowiç Saparowy,

Aşgabat şäher häkimliginiň kommunal hojalyk birleşiginiň şäheri bezeýän önümçilik edarasynyň başlygy Hojamyrat Toýlyýewi,

Energetika we senagat ministrliginiň «Ahalenergo» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Ýusup Gurbanberdiýewiç Dawydowy,

Aşgabat şäher häkimliginiň arassalaýyş, bag ekiş we abadanlaşdyryş işleri baradaky önümçilik-kommunal trestiniň «Arzuw» gülçülik bölüminiň başlygy Artykmyrat Kowusowy,

Aşgabat şäheriniň aýratyn möhüm desgalarynyň gurluşygy baradaky direksiýasynyň başlygy Güýç Öwezowy,

Aşgabat şäheriniň şäherara ýolagçylary gatnadýan kärhanasynyň başlygy Oraz Meredowiç Hurtyýewi,

«Türkmenhowaýollary» Milli müdirliginiň ýerüsti gullugynyň başlygy Atamyrat Suhanowiç Momylowy,

Aragatnaşyk ministrliginiň radio we telewideniýe önümçilik birleşiginiň baş direktory Annaly Çaryýewiç Berdinobatowy,

«Türkmendemirýollary» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Myrat Babaýewiç Hemraýewi,

Aşgabat şäheriniň Sport komitetiniň başlygy Annamuhammet Annamuhammedowy,

Aşgabat şäheriniň Arassalaýyş, bag ekiş we abadanlaşdyryş işleri baradaky önümçilik-kommunal trestiniň Prezident Nyýazow adyndaky etrapdaky kommunal müdirliginiň başlygy Juma Weliýewi,

Aşgabat şäher häkimliginiň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlerini utgaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Baýmyrat Kakabaýewi,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Demirgurluşykkonstruksiýa» zawodynyň başlygy Rahmanguly Annagulyýewiç Tölekowy,

Aşgabat şäher häkimliginiň iş dolandyryjysy Kakajan Çaryýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň kömekçisi Taýmyrat Begenjowiç Hudaýberdiýewi,

Ahal welaýat häkimliginiň ýerli häkimiýet edaralary, arçynlar we işgärler bölüminiň müdiri Orazmyrat Garajaýewi,

Mary welaýat häkimliginiň medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik guramalary bölüminiň müdiriniň orunbasary Batyr Saparowy,

Ahal welaýatynyň weterinariýa birleşiginiň başlygynyň orunbasary Bazar Babaýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 5-nji noýabry

№ PP-3487