Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli arhiw fonduny döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli arhiw fonduny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Milli arhiw fonduny döretmek hakynda

120.050.030

Türkmenistanyň territoriýasynda arhiwleriň, arhiw fondlarynyň we kolleksiýalarynyň döwlet tarapyndan saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen karar edýärin:

1. Türkmenistanyň territoriýasynda ähli arhiwleri, arhiw fondlaryny we kolleksiýalaryny, eýeçilik formasyna garamazdan, umumy-milli gymmatlyga eýe bolan dokumentleri hem-de materiallary birleşdirýän Türkmenistanyň Milli arhiw fonduny döretmeli.

Türkmenistanyň Milli arhiw fondunyň dokumentlerini düzmäge, olaryň üstüni ýetirmäge we olary peýdalanmaga degişli ähli meseleler diňe Türkmenistanyň ýurisdiksiýasyna degişlidir.

2. Türkmenistanyň Milli arhiw fonduny ýöretmegi we arhiw işini ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi, şeýle hem şu meseleler boýunça Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de wedomstwolarynyň işini ýerli häkimiýet we dolandyryş organlary bilen arkalaşyp utgaşdyrmagy Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesiniň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň territoriýasynda ähli arhiwler, arhiw fondlary we kolleksiýalary, bellenen tertipde umumymilli gymmatlyk diýlip ykrar edilen dokumentler hem-de materiallar Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesiniň ýazmaça rugsady bolmasa ýok edilip ýa-da Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk alnyp gidilip bilinmez diýip bellemeli.

4. Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesiniň garamagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite arhiw fonduny döredip, ony Türkmenistan Kompartiýasynyň ozalky arhiwiniň jaýynda ýerleşdirmeli.

5. Türkmenistan Kompartiýasynyň arhiwleriniň we onuň ýerlerdäki ozalky organlarynyň dokumentlerini jaýlary, tehnologiki enjamlary hem-de ştatdaky işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesine we onuň edaralaryna bermeli.

Partiýa arhiwlerini kabul etmegi we bermegi üpjün etmek üçin degişli komissiýalary döretmeli.

6. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, işi Düzgünli häsiýetde bolan beýleki ministrlikler we wedomstwolar, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşýän harby düzümler dokumentleri şertleşilen möhletler tamamlanandan soň Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesine hemişelik saklamaga berýärler diýip bellemeli.

Görkezilen komitetler, ministrlikler, wedomstwolar we harby düzümler bilen bilelikde dokumentleri seçip almagyň hem-de döwlet arhiwlerine bermegiň tertibini we şertlerini kesgitlemegi Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesine tabşyrmaly.

Arhiw iş kagyzlaryny saklamak üçin jaýlary bermek hakyndaky meseläni çözmegi halk deputatlarynyň Aşgabat şäher Sowetine tabşyrmaly.

7. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi we beýleki gyzyklanýaň organlar bilen ylalaşyp, Uprawleniýäni hem-de onuň ýerlerdäki edaralaryny maliýeleşdirmäge, maddy taýdan üpjün etmäge, guramaga we olaryň işlemegine degişli meseleler boýunça teklipleri bermegi, Türkmenistanda arhiw işini guramagyň esasy ýörelgeleri baradaky Türkmenistan Kanunynyň hem-de Türkmenistanyň Milli arhiw Fondy hakyndaky düzgünnamanyň proýektlerini işläp taýýarlamagy we ýazyp bermegi Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýesine tabşyrmaly

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 23-nji ýanwary

№ UP-276