Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Jenaýat işleri derňelende we bes edilende kanunylygy pugtalandyrmak baradaky käbir çäreler hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Jenaýat işleri derňelende we bes edilende kanunylygy pugtalandyrmak baradaky käbir çäreler hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Jenaýat işleri derňelende we bes edilende kanunylygy pugtalandyrmak baradaky käbir çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 6, 330-nji madda)

Jenaýat işleri derňelende we bes edilende kanunylygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Jenaýat işlerini aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky etrap (şäher), welaýat hem- de Aşgabat şäher toparlarynyň deslapky rugsatnamasy bar mahaly Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen esaslar boýunça we tertipde bes etmeli.

2. Kanunylygy üpjün etmek baradaky döwlet topary aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky etrap (şäher), welaýat hem-de Aşgabat şäher toparlarynyň jenaýat işlerini aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly bes etmeginiň kanunylygynyň meseleleri boýunça maglumatlara jikme-jik garalmagyny üpjün edýär.

3. «Aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky toparlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 12-nji maýynda çykaran № 3110 Permany bilen tassyklanylan, Aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky toparlar hakyndaky Düzgünnama şu goşmaçalary girizmeli:

3-nji bölümiň ikinji we dördünji bentlerinde «gozgalanda» diýen sözden soň «we bes edilende» diýen sözleri goşmaly;

4-nji bölümde:

ikinji we üçünji bentlerinde «gozgalmagynyň», «gozgamak» diýen sözlerden soň degişlilikde «we bes edilmeginiň», «we bes etmek» diýen sözleri goşmaly;

bäşinji bendinde «gozgalmagy» diýen sözden soň «we bes edilmegi» diýen sözleri goşmaly;

5-nji bölümiň ikinji bendinde «gozgamak» diýen sözden soň «we bes etmek» diýen sözleri goşmaly;

8-nji bölümiň ikinji, dördünji we bäşinji bentlerinde «gozgamagyň», «gozgamak» diýen sözlerden soň degişlilikde «we bes etmegiň», «we bes etmek» diýen sözleri goşmaly;

9-njy bölümiň ikinji bendinde «gozgamak» diýen sözden soň «we bes etmek» diýen sözleri goşmaly;

10-njy bölümiň ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji bentlerinde «gozgamagyň» diýen sözden soň «we bes etmegiň» diýen sözleri goşmaly.

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi şu Permandan gelip çykýan üytgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bir hepde möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Prezidentine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 14-nji iýuny

№ PP-3414