Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran № 2065 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran № 2065 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 6, 329-njy madda)
«Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda çykaran № 3327 Permany bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Arhitektura-gurluşyk gözegçiligi baradaky milli komiteti döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 3-nji dekabrynda çykaran № 2065 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl, №12, 5317-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 11-nji iýuny
№ PP-3412