Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-ýylyň 27-sentýabrynda çykaran №1646 Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-ýylyň 27-sentýabrynda çykaran №1646 Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-ýylyň 27-sentýabrynda çykaran №1646 Permanyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 2-nji madda)

"Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň ýolagçylarynyň hem-de ekipažlarynyň işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-ýylyň 27-sentýabrynda çykaran №1646 Permanyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1995 ý., №9, 2789-madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

Permanyň adynda we girişinde "Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil transportynyň ýolagçylarynyň hem-de ekipažlarynyň işgärleriniň" diýen sözleri "Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

l-bölümde:

birinji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

"Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylary, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalary hem-de demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleri, ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalaryň işgärleri hem-de telekeçiler uçuş, sapar mahaly betbagtçylykly halatlardan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişlidir diýip bellemeli";

ikinji bendinde "ekipažlarynyň" diýen sözi aýyrmaly;

2-bölümde:

birinji bendine "transport guramalary" diýen sözleri "ulag guramalary, şeýle hem ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalar we telekeçiler" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ikinji we üçünji bentlerinde "iň az iş hakynyň" diýen sözleri "durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiniň" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

dördünji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

"Şu Permanyň 1-bölüminde görkezilen ekipažlaryň agzalary we işgärler üçin ätiýaçlandyrma tölegleri ulag guramalary, şeýle hem ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalar we telekeçiler tarapyndan tölenilýär";

altynjy bendini şu görnüşde beýan etmeli:

"Ýolagçylardan alnan ätiýaçlandyrma tölegleri we ulag guramalarynyň, ýolagçy gatnatmalaryny amala aşyrýan guramalaryň we telekeçileriň ätiýaçlandyrma tölegleri olar tarapyndan aýratyn kömekçi hasapda hasaba alynýar we döwlet ätiýaçlandyrma guramalaryna geçirilýär";

bölüme aşakdaky mazmunly ýedinji we sekizinji bentleri goşmaly:

"Ätiýaçlandyrma şertnamasynyň hereket edýän döwründe girizilen ätiýaçlandyrma tölegleri üçin býujetiň girdejisine töleg alnyp bilinmez, suduň kanuny güýje giren hökümi boýunça pul serişdeleriniň elden alnan halatlary muňa girmeýär.

Ulag guramalaryndan buýrulyp alnan (kärendä alnan) ulag serişdelerinde biletleri satyn almazdan gatnadylýan buýrujynyň (kärendeçiniň) ýolagçylary we işgärleri buýrujynyň (kärendeçiniň) serişdeleriniň hasabyna döwlet tarapyndan hökmany ätiýaçlandyrylmaga degişlidir. Şolar boýunça ätiýaçlandyrma tölegleri şu bölüm arkaly bellenilen möçberlerde hasaplanylýar";

3-bölümde "we ekipažlaryň işgärleri" diýen sözleri "ekipažlaryň agzalary we işgärler" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

4-bölümde:

birinji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

"Şu Permanyň 1-bölüminde görkezilen ýolagçylaryň, ekipažlaryň agzalarynyň we işgärleriň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrma möçberini gatnaw resmi kagyzynyň satyn alnan senesinde Türkmenistanyň kanunlary arkaly bellenilen durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiň 100 essesi möçberinde bellemeli";

ikinji we dördünji bentlerinde "ýolagçylar", "ýolagçylaryň" diýen sözlerden soň "ekipažlaryň agzalary", "ekipažyň agzalarynyň" diýen sözleri goşmaly;

üçünji bendinde "ýolagçylara" diýen sözden soň "ekipažlaryň agzalaryna" diýen sözleri goşmaly;

5-bölümde "Howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil transportynyň ýolagçylarynyň hem-de ekipažlarynyň işgärleriniň hökmany döwlet strahowaniýesi boýunça strahowaniýe" diýen sözleri "Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrma" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

6-bölümde:

birinji bendinde "kommersiýa" diýen sözi ätiýaçlandyrma diýen söz bilen çalşyrmaly, "Türkmenistanyň Milli graždan awiasiýasy uprawleniýesi, Türkmenistanyň Döwlet demir ýoly, Türkmenistanyň Deňiz parahotçylygy, Türkmenistanyň Derýa parohotçylygy" diýen sözleri bolsa degişlilikde "Türkmenhowaýollary" milli uprawleniýesi, "Türkmendemirýollary" uprawleniýesi, "Türkmendeňizýollary" uprawleniýesi we "Türkmenderýaýollary" uprawleniýesi" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ikinji we dördünji bentlerde "howa, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil transportynyň ýolagçylarynyň hem-de ekipažlarynyň işgärleriniň" diýen sözleri "Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažlarynyň agzalarynyň, demir ýol, deňiz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň" diýen sözler bilen, "strahowaniýesini", "strahowaniýesi" diýen sözleri degişlilikde "ätiýaçlandyrmasyny", "ätiýaçlandyrmasy" diýen sözler bilen çalşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 2-nji ýanwary

№ PP-3290