Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medalyny döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medalyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň

65 ýyllygyna» diýen ýubileý medalyny döretmek hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 11, 12, 542-nji madda)

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 65 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik ýeňşini hormatlamak we dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 2008-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky çözgüdine laýyklykda, karar edýärin:

1. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medalyny döretmeli.

2. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly hakyndaky Düzgünnamany hem-de medalyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

3. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Permanda görkezilen ýubileý medalyny we onuň şahadatnamasyny ýasatmagy üpjün etmeli.

4. Şu Permanda görkezilen ýubileý medalyny we onuň şahadatnamasyny ýasatmak hem-de Türkmenistana getirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary T.Japarow, H.Saparlyýew, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Gökleňow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy O.Gurbannazarow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2009 ý. noýabr aýynyň 20-si

№ PP-5469

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2009-njy ýylyň 20-nji noýabrynda

çykaran PP-5469 Permany bilen

tassyklandy

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň

65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 2008-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky çözgüdine laýyklykda, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.

2. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly bilen aşakda görkezilen Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary sylaglanýar:

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümlerde, ştablarda, edaralarda harby gullugy geçen we olarda wagtlaýyn bolan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga (otstawka) goýberilenler, (harby bölümlerde terbiýelenenleri we ýaşajyk esgerleri hem goşmak bilen);

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda goramaga gatnaşylmagy hereket edýän goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylary üçin bellenen ýeňillikli şertlerde pensiýa bellenende gulluk eden ýyllaryna goşulýan, şäherlerde gulluk eden harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga (otstawka) goýberilenler, içeri işler we döwlet howpsuzlygy edaralarynyň hatarçy we ýolbaşçy düzümlerine degişli adamlar;

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümlerde, ştablarda we edaralarda ştatdaky wezipeleri eýelän, goşunuň we flotuň, içeri işler, döwlet howpsuzlygy goşunlarynyň we edaralarynyň erkin hakyna tutulan ýa-da hereket edýän goşunuň harby bölümleriniň harby gullukçylary üçin ýeňillikli şertlerde pensiýa bellenende goralmagyna gatnaşylan şäherlerde bolan döwri gulluk eden ýyllaryna goşulan adamlar;

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzyl Goşunyň hatarlarynda duran adamlaryň ýagdaýyna getirilen we uruş hereketleriniň bolan ýerleriniň tyl serhetleriniň ýa-da hereket eden flotlaryň operatiw zolaklarynyň çäklerinde goşunyň we flotuň bähbitleri üçin wezipeleri ýerine ýetiren kärhanalaryň, harby desgalaryň, halk komissarlyklarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri;

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň harby bölümlerinde, duşmanyň tylynda ýa-da beýleki döwletleriň çäklerinde aňtaw gullugynyň, garşylyklaýyn aňtaw gullugynyň ýörite tabşyryklaryny ýerine ýetiren işgärler, beýleki adamlar;

1944-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1945-nji ýylyň 9-njy maýy aralygyndaky döwürde öňki SSSR-iň çäklerinde söweş tabşyryklaryny ýerine ýetirende söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga (otstawka) goýberilenler, goşun gullugynda durman, şolaryň hatarynda işlän adamlar, atyjy batalýonlaryň, halky goraýjy wzwodlaryň we otrýadlaryň esgerleri hem-de serkerdeler düzümi;

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşuna medeni hyzmat ugrunyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş saparyna iberilen işgärleri;

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda partizan otrýadlarynyň, gizlin toparlaryň, beýleki birikmeleriň hatarynda bolup, Germaniýanyň we onuň ýardamçylarynyň garşysyna söweş hereketlerine gatnaşan adamlar;

Beýik Watançylyk urşy döwründe söweş hereketleriniň netijesinde Germaniýa we onuň ýardamçylaryna ýesir düşen we soň günäsi geçilen öňki harby gullukçylaryň hataryndan bolan adamlar;

1941-nji ýylyň 22-nji iýunyndan 1945-nji ýylyň 3-nji sentýabry aralygyndaky döwürde hereket eden goşunyň düzümine girmedik harby bölümlerde, edaralarda, harby-okuw mekdeplerinde harby gullugy geçen we «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal ýa-da «Ýaponiýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal bilen sylaglanan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga (otstawka) goýberilenler;

1941-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwary aralygynda gabaw döwründe Leningrad şäheriniň kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda işlän hem-de «Leningrady gorandygy üçin» diýen medal bilen sylaglanan adamlar we «Gabawdaky Leningradyň ýaşaýjysy» diýen nyşan bilen sylaglanan adamlar;

uruş hereketleriniň bolup geçen ýerleriniň tyl serhetleriniň çäklerindäki, demir ýol we awtomobil ýollarynyň uruş hereketleriniň bolup geçen ýerlerine golaý ýerlerde ýerleşýän howa hüjüminden goranyş desgalarynda we goraghanalarynda, deňiz binýatlarynyň, aerodromlaryň we beýleki desgalarynyň gurluşygynda işlän adamlar;

ok-därini we söweş tehnikasyny ýygnamak, çäkleri hem-de desgalary minalardan arassalamak işine goşun ýolbaşçylygy we ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan çekilen adamlar;

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýurduň howpsuzlygynyň bähbitleri üçin Eýrana girizilen goşunlaryň düzüminde tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşan adamlar.

3. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly bilen sylaglanan adamlara ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

4. «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly döşüň çep tarapyna dakylýar hem-de «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 60 ýyllygyna» diýen ýubileý medalyndan soň ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2009-njy ýylyň 20-nji noýabrynda

çykaran PP-5469 Permany bilen

tassyklandy

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medalynyň

ÝAZGYSY

«1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly tompakdan ýasalyp, diametri 32 mm bolan tegelek görnüşdedir.

Ýubileý medalynyň ýüz tarapynda ýokarda - 1-nji derejeli «Şöhrat» ordeniniň şekili, aşakda - «1945-2010» sanlar ýerleşdirilendir.

Ýubileý medalynyň arka tarapynda, merkezde rus dilinde «65 лет Победы в Великой Отечественной войне 1941-1945 гг..» diýen ýazgy bardyr.

Ýubileý medalynyň gyralary gyraň bilen jäheklenendir. Ýubileý medalyndaky ähli şekiller, ýazgylar we sanlar güberçek görnüşdedir.

Ýubileý medaly ildirgiç we halkajyk arkaly gyzyl reňkli ýüpek muara lentasy bilen örtülen bäşburçly kolodka birleşdirilendir. Lentanyň ini 24 mm. Lentanyň ortarasyndan bäş çyzyk: üç gara we iki gyzylymtyl sary çyzyk geçýär. Çyzyklaryň ini 2 mm. Gyradaky gara çyzyklar ini 1 mm bolan gyzylymtyl sary çyzyklar bilen jäheklenendir.

«1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna» diýen ýubileý medalynyň we şahadatnamasynyň suratlary şu Ýazga goşundylarda görkezilendir.

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna” diýen ýubileý medalynyň ýazgysyna goşundy

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna” diýen ýubileý medalynyň suraty

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna” diýen ýubileý medalynyň Ýazgysyna goşundy

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna” diýen ýubileý medalynyň şahadatnamasynyň suraty

Surat

Türkmenistan

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna”

diýen ýubileý medalynyň

ŞAHADATNAMASY

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik

Watançylyk urşunda gazanylan

ýeňşiň 65 ýyllygyna”

________________________________________________

(familiýasy)

_______________________________________________

(ady)

_____________________________________________

(atasynyň ady)

Türkmenistanyň Prezidentiniň

20__ -njy ýylyň ____________________________

Permany bilen

“1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna” diýen ýubileý medaly bilen sylaglandy

Medal Türkmenistanyň

Prezidentiniň adyndan gowşuryldy

“……..” ………………..20…..ý.

………………………………….

(medaly gowşuran adamyň

………………………………….

wezipesi we goly)