Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 10-12, 571-nji madda)
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2009-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndaky ýekşenbe gününi 2-nji ýanwara geçirmeli hem-de 2-nji ýanwary dynç güni diýip hasap etmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2008 ý. dekabr aýynyň 22-si
№ PP-5218