Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli baýramyny - Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Milli baýramyny - Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Milli baýramyny - Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., №7, 429-njy madda)

Beýik Galkynyş zamanasynda Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösüşiň täze derejelerine göterildi. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna öwrülen çeperçilik taýdan kämil sungat eserleriniň döredilmegi, paýtagtymyz gözel Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni maksatly binalaryň gurulmagy türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da gülläp ösmegine, onun milli aýratynlyklarynyň Ýer ýüzünde giňden wagyz edilmegine uly mümkinçilik döredýär.

Milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksadyna eýerip, bu ulgamyň işgärleriniň döredijilik üstünliklerini, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ruhy taýdan galkynmagyny üpjün etmäge goşýan goşantlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň tekliplerini nazara alyp, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Milli baýramyny - Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 27-nji iýunynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi Türkmenistanyň Milli baýramynyň - Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Milli baýramyny - Medeniýet we sungat isgärleriniň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçmäge ýardam bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 21-nji iýuly

№ PP-5126