Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 4, 240-nji madda)
Beýik Galkynyşlar döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli gurluşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we dünýä standartlaryna gabat getirmek, ýerli gurluşyk edaralarynyň gurluşyk-gurnama işlerinde paýyny düýpli artdyrmak, gurluşykda ösen tehnologiýalary ulanýan, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalary döretmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň ýapylan Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligini döretmeli.
2. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, olaryň hiline gözegçiligi ýokarlandyrmak, gurluşyk işleriniň bahasyny emele getirmegi kämilleşdirmek, gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamak wezipelerini Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň üstüne ýüklemeli.
3. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny, şeýle hem şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri ulanylýan kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bir aý möhletde taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2008-nji ýylyň 14-nji apreli
№ PP-5057