Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 1, 28-nji madda)

Türkmenistanda kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem 2008-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryny güýjüni ýitiren hasap etmeli:

1) «Türkmenistanda baýramçylyklar we däp-dessurlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda çykaran 302-nji Permanyny;

2) «Ýatlama gününi» yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda çykaran 1329-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1994-nji ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 2207-nji maddasy);

3) «Türkmenistanda baýramçylyklar we däp-dessurlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda çykaran 302-nji Permanyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 10-njy iýulynda çykaran 1578-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1995-nji ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 2655-nji maddasy);

4) «Yeňiş gününi türkmen halkynyň milli baýramy diýip yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 19-njy maýynda çykaran 2845-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1999-njy ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 205-nji maddasy);

5) «8-nji maý gününi 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň Ýatlama güni we 9-njy maý gününi türkmen halkynyň Milli baýramy - Ýeňiş güni diýip yglan etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 3105-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 247-nji maddasy);

6) «Garaşsyz Türkmenistanda Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 4-nji noýabrynda çykaran 3202-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň 531-nji maddasy);

7) «Baky bitarap Türkmenistanda Milli Bahar baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 3599-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2002-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 100-nji maddasy);

8) «Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Talyp ýaşlar gününi bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 14-nji noýabrynda çykaran 3958-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň 439-njy maddasy);

9) «Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Goňşokara we Hasyl baýramçylyklaryny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 18-nji noýabrynda çykaran 3975-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň 454-nji maddasy).

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 29-njy ýanwary

№ PP-4992