Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

1941-1945-nji ýyllaryň BeýikWatançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 61 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň urşa gatnaşyjylaryny sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

1941-1945-nji ýyllaryň BeýikWatançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 61 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň urşa gatnaşyjylaryny sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

1941-1945-nji ýyllaryň BeýikWatançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 61 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň urşa gatnaşyjylaryny sylaglamak hakynda

060.120.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2006 ý., № 5, 852-nji madda)

Halkymyza juda uly ýitgi hem hasrat, mahrumçylyk we ejir getiren Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli söweşleriniň tamamlananyna 61 ýyl boldy. Adamzat taryhyndaky ýürekleri elendiren iň aýylganç we gazaply şol urşuň ýaňy bizden näçe uzaklaşsa-da, ynsan kalbyna salan ýarasy biter ýaly, görgüleri unudar ýaly bolmady. Şonuň üçin hem Watan gerçekleriniň, halkymyzyň faşizmden üstün çykyp gazanan bu ägirt uly Ýeňşi juda arzyly hem mukaddesdir. Oňa türkmenistanly merdanlar hem uly goşant goşdy. Jeň meýdanlarynda güler ýüzli ýigitlerimiziň 740 müňüsi Ata Watanymyzyň azatlygynyň, nesillerimiziň röwşen geljeginiň hatyrasyna şirin janyny gurban etdi. Biz Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýip yglan etdik. Olaryň şan-şöhraty we edermenligi ölmez-ýitmezdir, ady hem-de gahrymançylygy halkymyzyň ýüreginde ebedilik ýaşaýar.

Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz ýyllarynda ýurt goragyna gidenleriň yzynda galyp, gijesini-gündiz edip zähmet çeken, goşun üçin zerur zatlary, hatda iň mukaddes hem eý görýän şaý-seplerine çenli Goranmak Goruna tabşyryp, şöhraty juda belent Ýeňşiň gazanylmagynda är işini bitiren gelin-gyzlarymyzyň, ak şaçly enelerimiziň, ýetginjeklerimiziň, şol agyr ýyllardaky azatlygyň, erkanalygyň, şu nurana hem asuda günlerimiziň hatyrasyna bitiren işlerini minnetdar nesiller unutmaýar.

Agyr söweşlerde watan ykbalyny janyndan ileri tutup, mähriban topragymyzy, eziz halkymyzy gorap, edermenligiň, mertligiň, watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny görkezen, juda arzyly hem nurana Ýeňşi gazanan gerçeklerimiziň mertebesini has-da ýokary götermek we olar baradaky üns-aladany has güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlarymyzyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanymyzyň halkynyň häzirki röwşen günlere, şu günki eşretli durmuşa gowuşmagy üçin bitiren taýsyz edermenlikleriniň hatyrasyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi uruş weteranlarynyň saglyk ýagdayýna hemişe berk gözegçilik etmeli we olara ýurdumyzyň döwrebap şypahanalarynda ähli zerur kömegiň ilkinji nobatda berilmegini üpjün etmeli.

2. Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri 1941- 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, olary üns-alda bilen gurşap almak barada hemişe alada etmeli we uruş weteranlary hakynda aladany özleriniň berk gözegçiliginde saklamaly.

3. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmenistanly uruş weteranlarynyň her birine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1 (bir) million manat möçberde pul sowgadyny bermeli.

4. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi şu Permanda görkezilen pul sowgatlaryny Türkmenistanyň Döwlet býujetiniňn serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

5. Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň merkezi geňeşi Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara Beýik Ýeňşiň 61 yyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmaly.

6. Şu Permanyň ýerine ýetirlişine Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary G. Berdimuhammedow, J. Annaorazow, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimligi gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 4-nji maýy

№ PP-4489