Oraza baýramy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 11, 450-nji madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, onuň gymmatly ruhy baýlygyny gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmek hem-de baýlaşdyrmak, jemgyýetimiziň ýokary ruhubelentligini üpjün etmek, mähriban türkmen halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek we "Oraza baýramy hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran № 2432 Permanyny ýerine ýetirmek üçin, karar edýärin:
2004-nji ýylyň 14-nji noýabryny Milli Oraza baýramy diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2004-nji ýylyň 8-nji noýabry
№ PP-4147