Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalarynaüýtgetmeler girizmek we olary güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalarynaüýtgetmeler girizmek we olary güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 309-njy madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.03.2008 ý. çykaran № PP-5024 Permany esasynda
girizilen üýtgetmeler bilen)
Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň döredilmegi bilen baglanyşykly karar edýärin:
I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu namalaryna üýtgetmeler girizmeli:
1. "Alkogolly önümi öndürmek, saklamak, onuň lomaý we bölek satuw söwdasy barada döwletiň ýekemenligini tertipleşdirmek baradaky çäreler hakynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 2150 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1995-nji ýyl., № 3, 2524-nji madda) 2-nji bölüminde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany «Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma» bilen çalşyrmaly;
2. "Türkmenistanda söwda guramalarynyň düzümini kämilleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran № 2151 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, «1995-nji ýyl., № 3, 2525-nji madda) 5-nji bölüminde Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrligine hem-de Türkmenbirlesige salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
3. "Harydyň Türkmenistanda öndürilendigi hakynda güwänama bermek barada" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda çykaran № 2448 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl., № l, 2964-nji madda) 2-nji bölüminde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
4. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda çykaran № 2448 karary bilen tassyklanylan, Harytlaryň Türkmenistanda öndürilendigi hakynda Ýewropa Ykdysady Bileleşigi tarapyndan bellenilen «A» we «APR» nusgalar boýunça güwänama bermegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň ýazgysynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
5. "Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran № 3064 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1997-nji ýyl., № 3, 5552-nji madda) sözbaşysynda, 1-3-nji bölümlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany degişlilikde Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna hem-de Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran № 3064 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy hakyndaky Düzgünnamanyň sözbaşysynda we ýazgysynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrine salgylanmany degişlilikde Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine, Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugyna hem-de Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrine salgylanma bilen çalşyrmaly.
7. "Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri çalyşýan önümleri öndürmegi we harytlary daşary ýurtdan getirmegi utgaşdyrmak baradaky döwlet toparyny döretmek barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran №4649 karary (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000-nji ýyl., № 4, 221-nji madda) bilen tassyklanylan, "Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri çalyşýan önümleri öndürmegi we harytlary daşary ýurtdan getirmegi utgaşdyrmak baradaky Döwlet topary hakyndaky Düzgünnamanyň 10-njy bölüminde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
8-nji bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.03.2008 ý. çykaran № PP-5024 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
9. "Ýerli salgytlar we ýygymlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda çykaran № 4860 karary bilen tassyklanylan, ýerli salgytlary hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000-nji ýyl., № 9, 496-njy madda) 13-nji bölüminiň ikinji bendinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
10. "Türkmenistana getirilýän we onuň çäklerinden daşaryk alnyp gidilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny almak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 26-njy fewralynda çykaran № 5121 kararyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001-nji ýyl, № 2, 164-nji madda) № 4 goşundyda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine we Türkmenbirleşige salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
11. "Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek we neşe serişdelerine hem-de akyl-huşa täsir edýän maddalara bagly bolan adamlara kömek bermek boýunça çäreleriň 2001-2005-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 14-nji iýunynda çykaran № 5260 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001-nji ýyl., № 6, 344-nji madda) 24-nji we 28-nji bölümlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
12. "Aşgabat şäheriniň suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryny hem-de desgalaryny ösdürmegiň 2050-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran №6006 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002-nji ýyl., №12, 638-nji madda) 8-nji bölüminde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
13. "Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Söwda wekilçiligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran №6009 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002-nji ýyl, №12, 640-njy madda) sözbaşysynda we 1-nji bölüminde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
14. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran №6009 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Söwda wekilçiligi hakyndaky Düzgünnamanyň sözbaşysynda we ýazgysynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrine salgylanmany degişlilikde Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine hem-de Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrine salgylanma bilen çalşyrmaly;
15. "Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran № 6488 kararyna (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003- nji ýyl, №12, 509-njy madda) goşundyda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Türkmenbirleşige salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
16. "Arçabil etrabynda Gökderede çagalar sagaldyş merkezlerini gurmak hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran № 6640 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004-nji ýyl., №3, 119-njy madda) 8-nji bölüminde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
17. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran №3005 buýrugynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
18. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran №3019 buýrugynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Türkmenbirleşige salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
19. "Türkmenistanyň Ykdysadyýet edaralaryny utgaşdyryjy geňeşiň düzümini tassyklamak barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 7-nji maýynda çykaran №6708 karary (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004-nji ýyl, №5, 201-nji madda) bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ykdysadyýet edaralaryny utgaşdyryjy geňeşiň düzüminde «Gaýybow Ç.E.- Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri» diýen sözleri «Melekeýew G.M.-Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministri» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
20. «Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 28-nji iýunynda çykaran №6770 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004-nji ýyl., №6, 253-nji madda) 1-nji bölüminiň birinji bendinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine salgylanmany Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministrligine salgylanma bilen çalşyrmaly;
II. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1. «Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrliginiň meseleleri» hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykaran №1901 kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1994-nji ýyl, № 8, 2179-njy madda);
2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kararlaryna goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykaran №2256 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1995-nji ýyl, № 7, 2673-nji madda) 2-nji bölümini;
3. «Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrliginiň Russiýa Federasiýasynda (Moskwa şäheri) Söwda wekilçiligi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran № 2455 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl, № l, 2970-nji madda) 2-nji bölümini;
4. «Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 12-nji fewralynda çykaran №4075 kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999-njy ýyl, №2, 79-njy madda).
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2004-nji ýylyň 20-nji awgusty
№ PP-4101