Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň XV Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň XV Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň XV Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 305-nji madda)

Türkmenistanyň Halk maslahaty agzybir türkmen halkymyzyň abadançylykda, jebislikde, bolçulykda erkana ýaşamagyny we işlemegini, döwletimiziň müdimi mizemezligini, berkararlygyny doly üpjün edýän baş gurama öwrüldi.

Gojaman Hazaryň kenarynda bolup geçen Türkmenistanyň XIV Halk maslahatynda onuň 2507 agzasynyň doly goldamagy bilen, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň hemişe işleýän gurama öwrülmegi döwleti halk bilen edara etmegiň adamzat taryhynda şu wagta çenli görlüp-eşidilmedik nusgasyna eýe boldy. Bu taryhy maslahatda kabul edilen « Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasynyň dogry we öz wagtynda kabul edilendigini, onuň türkmen halkynyň Altyn asyrynyň maksatnamasydygyny durmuş tassyk etdi. Giň möçberli, deňi-taýy bolmadyk bu maksatnamanyň 2004-nji ýylda çalt depgin, uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilişini ykdysady görkezijilerde we mähriban halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynda görmek bolýar.

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda ýeten sepgitlerini seljermek, oňa baha bermek, mundan beýläk ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, döwletimiziň ebedi mizemezligini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak baradaky ýörelgelerimizi we maksatlarymyzy halkymyz bilen geňeşmek, Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek we onuň adyna watandaşlarymyzdan gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda karar edýärin:

1. Türkmenistanyň XV Halk maslahatyny 2004-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 23-24-nde Aşgabat şäherinde çagyrmaly.

2. Türkmenistanyň XV Halk maslahatynyň mejlisine şu aşakdaky meseleleri girizmeli:

a) «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny hakynda

b) «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny hakynda.

3. Türkmenistanyň XV Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek we watandaşlarymyzdan Halk maslahatynyň adyna gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak, seljermek hem-de olary Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygyna ýetirmek üçin Döwlet toparyny döretmelí (düzümi goşulýar).

4. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygynyň Orunbasarlary gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti, Saparmyrat Türkmenbaşy

Türkmenistanyň Halk

maslahatynyň Başlygy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 12-nji awgusty

№ PP-4096

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2004-nji ýylyň 12-nji awgusty

çykaran №РР-4096 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň XV Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek

üçin döredilen Döwlet toparynyň

DÜZÜMI

Toparyň başlygy

Saparmyrat Türkmenbaşy – Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy

Toparyň agzalary

Ataýew Ö. – Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygynyň orunbasary

Aýdogdyýew D. – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Dokma senagaty ministri

Atamyradow B.Ç. – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,Oba hojalyk ministri

Ataýew R. – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministri

Berdimuhammedow G.M. – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri

Gurbanmyradow Ý.A. – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary

Meredow R.Ö. – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri

Saparow R. – Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygynyň orunbasary

Hramow W.M. – Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi

Ataýewa E.G. – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ahal welaýatynyň häkimi

Tagyýew T. – Balkan welaýatynyň häkimi

Gulmyradow I. – Daşoguz welaýatynyň häkimi

Ahmedow G. – Lebap welaýatynyň häkimi

Jumagylyjow A. – Mary welaýatynyň häkimi

Rejepow A.N. – Aşgabat şähiriniň häkimi

Atajanowa G.S. – Baş prokuror

Gummanow A.D. – Milli howpsuzlyk ministri

Mämmetgeldiýew A. – Goranmak ministri

Aşyrmuhammedow G. – Içeri işler ministri

Goçyýew T. – Adalat ministri

Musaýew O. – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekratary

Nepesow O. – Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky uruş wetaranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy

Pirmämmedowa J.N. – Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy