Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar

ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 8, 301-nji madda)

Medeniýet edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Milli telewideniýesiniň we radiosynyň işini düýpli gowulandyrmak we kämilleşdirmek, şeýle hem türkmen halkynyň Altyn asyrynyň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Medeniýet we habar beriş ministrliginiň hem-de Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň binýadynda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny iki hepde möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 11-nji awgusty

№ PP-4092