Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Oraza baýramy hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Oraza baýramy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Oraza baýramy hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 10, 532-nji madda)

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, onuň gymmatly ruhy baýlygyny gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmek hem-de baýlaşdyrmak, jemgyýetimiziň ýokary ruhubelentligini gazanmak, mähriban türkmen halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek we «Oraza baýramy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran № 2432 Permanyny ýerine ýetirmek üçin, karar edýärin:

Milli baýram bolan Oraza baýramy mynasybetli 2005-nji ýylyň 3-nji noýabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 29-njy oktýabry

№ PP-4396