Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 3, 97-nji madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

1. "Harby bölümiň söweşýän baýdagy hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 2-nji fewralynda çykaran № 1734 Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl, № 2, 2975-nji madda) bilen tassyklanylan, Harby bölümiň söweşjen baýdagyny gowsurmagyň, bermegiň, gorap saklamagyň hem-de saklamagyň Tertibiniň 1-nji bölüminiň ikinji bendine "hem-de bölümlerine" diýen sözlerden söň "harby-düzediş bölümine" diýen sözleri goşmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran № 2454 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň garnizon we garawul gulluklarynyň Tertipnamasynda:

ýazgysynda sudlara we sudýalara salgylanmany degişlilikde kazyýetlere we kazylara salgylanma bilen çalşyrmaly;

2-nji maddanyň üçünji böleginde we 96-njy maddasynyň ikinji böleginde "we harby-düzediş bölümine" diýen sözleri goşmaly;

20-nji maddanyň birinji böleginiň ýigrimi birinji bendine "Garnizonda gullugy geçmeýän harby gullukçylar harby-düzediş bölümine iberilmäge iş kesilen mahaly olary jezasyny çekýän ýerlerine ibermegi guramaly" diýen sözleri goşmaly;

50-nji maddanyň birinji böleginde:

üçünji bendinde "göçürme nusgasyny" diýen sözleri "hökümiň göçürme nusgasyny ýa-da" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

sekizinji bendinde "kazyýete çekilenler" we "kesgitleme" diýen sözlerden soň degişlilikde "we iş kesilenler" hem-de "ýa-da höküm" diýen sözleri goşmaly;

104-nji maddanyň birinji böleginde "kazyýete çekilenler" diýen sözlerden soň "we iş kesilenler" diýen sözleri goşmaly;

168-nji maddanyň ikinji bendinde "ýa bolmasa" diýen sözlerden soň "höküm ýa-da" diýen sözleri goşmaly;

№ 4 goşundynyň post wedomostynyň dördünji sahypasynyň 4-nji bölümine "ýa-da iş kesilenler tarapyndan" diýen sözleri goşmaly;

№ 14 goşundyda:

2-nji bölümine dördünji bentden soň şu mazmunly täze bendi goşmaly:

"harby-düzediş bölümine ibermek bilen kazyýet tarapyndan iş kesilen harby gullukçylar-höküm kanuny güýje girýänçä";

6-njy bölümiň üçünji bendinde "sud edilenler bolsa - suduň kesgitlemesi bilen" diýen sözleri "iş kesilenler (kazyýete çekilenler) bolsa - kazyýetiň hökümi (kesgitlemesi) bilen" diýen sözler bilen çalşyrmaly;

10-njy bölümiň birinji bendine "harby gullukçylar" diýen sözlerden öň "kazyýet tarapyndan iş kesilen" diýen sözleri goşmaly;

13-nji bölümiň birinji bendinde "kazyýetiň kesgitlemesiniň göçürme nusgasyna" diýen sözleri "kazyýetiň höküminiň, kesgitlemesiniň göçürme nusgasyna" diýen sözler bilen çalyşmaly;

bölegiň sözbaşysynda 31-nji bölümiň öňünden "bolup durýan" diýen sözden öň "iş kesilenler" diýen sözleri goşmaly;

31-nji bölümde "bolup durýan" diýen sözlerden öň we "Şunda" diýen sözden soň degişlilikde "Iş kesilenler" hem-de "iş kesilenler we" diýen sözleri goşmaly;

32-nji bölümde:

birinji bende "bolup durýan" diýen sözlerden öň "iş kesilenler" diýen sözleri goşmaly;

üçünji bende "kazyýete çekilenler" diýen sözlerden söň "we iş kesilenler" diýen sözleri goşmaly;

33-nji bölüme "kazyýete çekilenler" diýen sözlerden soň "şeýle hem iş kesilenler jezasyny çekýän ýerine iberilýänçä" diýen sözleri goşmaly;

36-njy madda "kazyýete çekilenler" we "kesgitleme" diýen sözlerden soň degişlilikde "we iş kesilenler" hem-de "ýa-da höküm" diýen sözleri goşmaly;

41-nji madda bäşinji bentden soň şu mazmunly täze bendi goşmaly:

"iş kesilen esgerler (matroslar) we seržantlar (starşinalar) üçin umumy kameralar";

42-nji maddanyň üçünji bendine "we iş kesilenler" diýen sözleri goşmaly.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 16-njy maýynda çykaran № 3861 Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003-nji ýyl, № 5, 190-njy madda) bilen tassyklanylan, Çagyryş boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamada:

10-njy bölüme şu mazmunly "a" kiçi bölümi goşmaly:

"a) harby-düzediş bölüminde saklamagyň wagty";

"a" we "b" kiçi bölümleri degişlilikde "b" we "ç" kiçi bölümler diýip hasaplamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 8-nji marty

№ PP-4238