Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 8, 311-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.02.2007 ý. çykaran № PP-4692 Permany esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

«Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky» 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky Türkmenistanyň XIV Halk maslahatynda tassyklanylan Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň tugy (baýdagy) hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2002-nji ýylyň 13-nji fewralynda çykaran № 3555 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002-nji ýyl, №2, 46-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 25-nji awgusty

№ PP-3900

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2003-nji ýylyň 25-nji awgustynda

çykaran № PP-3900 Permany bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakynda

DÜZGÜNNAMA

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.02.2007 ý. çykaran № PP-4692 we 02.09.2017 ý. çykaran № PP-172 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

1. Şu Düzgünnama arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň (mundan beýläk - Tug) şekili, reňki, möçberleri we nämeden ýasalýandygy baradaky talaplar (№ l we 2 goşundylar) bellenilýär hem-de Tugy galdyrmak we indirmek (egmek) çärelerini geçirmegiň wagty, ýeri we tertibi kesgitlenilýär.

2. Tuguň matasy ýaşyl reňkde bolup, onuň ýüzünde nusgalara laýyklykda ak reňkdäki bäş ýyldyz bilen ýarymaý hem-de 45° öwrülen, sary-altynsow jähek bilen jäheklenen iki sany birmeňzeş dörtburçlugy emele getirýän ýaşyl reňkdäki sekiz gyraňyň içinde penjesinde iki kelleli ýylany saklaýan bäş kelleleli altynsow-sary reňkdäki bürgüt şekillendirilendir. Tug matalaryň aşakda görkezilen görnüşleriniň iki gatyndan ýasalyp bilner:

a) ýüpek (ýüzden 50) we ýüň (ýüzden 50);

b) ýüpek (ýüzden 50) we neýlon ýa-da poliester (ýüzden 50);

ç) poliester (100%).

Tuguň laýyklyk güwänamasy bolmalydyr.

3. Tuguň reňkleriniň dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite Atlasy (sanawy) - «ТНЕ PLUS SERIES PANTONE» boýunça Tuguň reňkleriniň şu ölçegleri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 348 C boýunça;

sary reňk - 123 C boýunça;

gara reňk - gara C boýunça.

4. Tuguň ýasalyşy (matasynyň biçilişi, tikilişi, sapyna berkitmegiň uşullary) hem-de sapynyň teswiri «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin Döwlet standartyny tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» TDS 562-2000 Döwlet standarty bilen bellenilen talaplara laýykdyr.

5. Tugy peýdalanmak onuň bolmalysy ýaly görnüşde saklanyp galýança mümkindir.

6. 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky «Türkmen Döwletiniň Tugy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ýerlerde Tugy galdyrmagyň wagty - 8 sagat 00 minut, indirmegiň wagty - 21 sagat 00 minut.

Şemal örän güýçli bolan howa şertlerinde Tug mümkin bolan zaýalanmagynyň öňüni almak üçin indirilip bilner.

7. Tug dikilen binalarda ony egmek ýatlama günlerinde 12-nji ýanwarynda, 8-nji maýynda we 6-nji oktýabrynda amala aşyrylýar.

8. Tug 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky «Türkmen Döwletiniň Tugy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynda sanalyp geçilen binalarda berkidilen baýdaksapylarynda galdyrylýar ýa-da binalaryň ýüz tarapyndaky tutawaçlarda ýerleşdirilýär, şunda Tuguň aşaky bölegi ýerden azyndan 2,5 metr belentlikde bolmalydyr.

9. Kemçilikler bolan Tugy peýdalanmak gadagandyr.

Türkmen Döwletiniň Tugy

hakyndaky Düzgünnama

№1 goşundy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň

ŞEKILI

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.02.2007 ý. çykaran № PP-4692 Permany esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň (mundan beýläk - Tug) şekili, reňki, möçberleri we ýasalan matasy 2003-nji ýylyň 14-nji awgustyndaky «Türkmen Döwletiniň Tugy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin Döwlet standartyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran №4600 karary bilen tassyklanylan, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» TDS 562-2000 Döwlet standartyna we şu Düzgünnama laýyk bolmalydyr.

Tug parçasy ýaşyl reňkdäki ýüpek matanyň iki gatyndan göniburçluk görnüşinde ýasalýar. Parçanyň Tuguň sapyna ýanaşyk gyrasynda ak reňkdäki zolak bar. Ak zolagyň aşaky etegine altynsow-sary reňkdäki üç gat ýüplükden örülen iki bagjyk berkidilýär. Möçberleri azyndan 1,5 m x 1,0 m bolan Tuguň sapyna berkidilýänden başga üç tarapyna altynsow-sary ýüpek seçegiň tikilmegine ýol berilýär.

Tuguň iki ýüzünde, ini 0,015B bolan sary-altynsow jähek bilen jäheklenen ýaşyl reňkdäki sekiz gyraňyň içinde kelle we guýruk tarapynda kelleleri bolan iki kelleli ýylany penjesinde saklaýan bäş kelleli bürgüt bellenilen etalona laýyklykda şekillendirilendir. Şekiliň reňki umuman altynsow-sary, şekillendirilen zatlaryň we olaryň bölekleriniň daşky çyzyklarynyň, bürgüdiň boýunlarynyň we ýylanyň göwresindäki tegmilleriň reňki gara.

Bäş kelleli bürgüdiň şekili onuň daşky çyzyklary bilen galtaşýan E¹ we E2 taraplary bolan göniburçlukda ýerleşýär. Gönüburçluk 0,45B diametri tegelekde ýerleşýär, onuň daşky töwereginde çepki ýokarky çärýeginden başlap sagadyň diliniň ugry boýunça tegelegiň merkezinden geçýän kese çyzykdan deň uzaklykda sözleriň arasynda simmetrik açyklyk bilen sag we çep böleklerde (0,125B) çyzygyň ýokarsynda (0,025 B beýiklikde) «TÜRKMENISTANYŇ», çyzygyň aşagynda - «PREZIDENTI» sözleri ýazylandyr. Göniburçluk burçlary bilen daşky tarapyndan ýazgynyň harplarynyň daşyny çyzýan tegelege galtaşýar.

Sekiz gyraňlyk çepkisinden başga matanyň ähli gyralaryndan birmeňzeş F aralykda durýan tegelegiň (0,72B diametrli) içindedir we 45° üýtgemek bilen ýerleşen we içki tegelegiň diametrine (0,5B) deň taraplary diagonallarda kesişýän umumy merkezi bolan iki sany bir meňzeş dörtburçluklaryň sekiz burçuny daşky gyrasy bilen çyzylandyr, şunda onuň biri-diagonal boýunça dikligine ýerleşendir.

Tuguň ýokarky gyrasyndan we ak zolagyň içki gyrasyndan birmeňzeş bolan J aralykda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndaky ýaly ýarymaýyň we bäş sany bäşburç ýyldyzyň şekili ýerleşýär. Bu şekil I1 we I2 taraplary ýarymaýyň we ýyldyzlaryň çetki gyralaryna galtaşýan göniburçlukda ýerleşdirilendir.

Tuguň we onuň ýüzündäki ähli şekilleriň möçberleri Tuguň inine barabarlykda bellenilen görkezijiler (N°2 goşundy, N° l tablisa) arkaly beýan edilýär.

№ 1 tablisa

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň we

onuň ýüzündäki şekilleriň görkezijileri

A Uzynlygy 1,5/1 B

A

Uzynlygy

1,5/1 B

B ini 1/1,5 B

B

ini

1/1,5 B

C Ak zolagyň ini 0,025 B

C

Ak zolagyň ini

0,025 B

D Seçegiň ini 0,04 B

D

Seçegiň ini

0,04 B

Bürgüt şekillendirilen göniburçluk:

Bürgüt şekillendirilen göniburçluk:

E1 Gapdal taraplary 0,38 B

E1

Gapdal taraplary

0,38 B

E2 Ýokary we aşaky taraplary 0,34 B

E2

Ýokary we aşaky taraplary

0,34 B

Ýazgyly we bürgüt şekillendirilen sekiz gyraňlyk:

Ýazgyly we bürgüt şekillendirilen sekiz gyraňlyk:

F Sekiz gyraňlykdan çepindäkiden başga matanyň gyralaryna çenli aralyk 0,15 B

F

Sekiz gyraňlykdan çepindäkiden başga matanyň gyralaryna çenli aralyk

0,15 B

G1 Içinde sekiz gyraňlyk ýerleşen tegelegiň diametri 0,70B

G1

Içinde sekiz gyraňlyk ýerleşen tegelegiň diametri

0,70B

G2 «TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI» ýazgysynyň daşky gyrasy boýunça tegelegiň diametri 0,45B

G2

«TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI» ýazgysynyň daşky gyrasy boýunça tegelegiň diametri

0,45B

H1 Sekiz gyraňlygyň sary-altynsow jäheginiň ini 0,015 B

H1

Sekiz gyraňlygyň sary-altynsow jäheginiň ini

0,015 B

H2 Ýazgynyň harplarynyň beýikligi 0,025 B

H2

Ýazgynyň harplarynyň beýikligi

0,025 B

Ýarymaý we ýyldyzlar şekillendirilen göniburçluk

Ýarymaý we ýyldyzlar şekillendirilen göniburçluk

I1 Gapdal taraplary 0,27 B

I1

Gapdal taraplary

0,27 B

I2 Ýokarky we aşaky taraplary 0,29 B

I2

Ýokarky we aşaky taraplary

0,29 B

J Göniburçlukdan ýokary gyrasyna we aşak zolaga çenli aralyk 0,15 B

J

Göniburçlukdan ýokary gyrasyna we aşak zolaga çenli aralyk

0,15 B

K Bakjyklaryň uzynlygy 0,25 B

K

Bakjyklaryň uzynlygy

0,25 B