Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň we Darganata posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň we Darganata posýologynyň adyny üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 5, 189-njy madda)
Türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli däp-dessurlaryny täzeden durmuşa ornaşdyrmak, ýaş neslimizde ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna beýik buýsanjy we söýgini kemala getirmek, olary eždatlarymyza mahsus bolan watançylyk, jebislik we agzybirlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Lebap welaýatynyň ilatynyň arzuw-isleglerini hem-de Lebap welaýatynyň we Darganata etrabynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
1. Lebap welaýatynyň:
Darganata etrabynyň adyny Birata etraby diýip üýtgetmeli we mundan beýläk ony Lebap welaýatynyň Birata etraby diýip atlandyrmaly;
Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň Darganata posýologynyň adyny Birata posýology diýip üýtgetmeli we mundan beýläk ony Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň Birata etrap merkezi diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran №1327 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda posýoloklaryň we geňeşlikleriň sanawyna üýtgetme girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 14-nji maýy
№ PP-3860