Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 4, 152-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.09.2005 ý. çykaran № PP-4353 Permany

esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, Bitarap Türkmenistanyň ylmyny we medeniýetini ösdürmegi höweslendirmek hem-de türkmen halkynyň taryhyny çuň öwrenmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň pul bölegini 10 müň amerikan dollary möçberde bellemeli.

2 bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.09.2005 ý. çykaran № PP-4353 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran № 333 Permanynyň birinji bölüminiň altynjy bendini we Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň şol Perman bilen tassyklanylan düzümini (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1992-nji ýyl, №3, 184-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 3-nji apreli

№ PP-3847