Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hormatly

atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 3, 121-nji madda)

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň agzybir halkynyň öňünde bitiren hyzmatlary, eziz diýarymyzyň edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmäge, türkmen halkynyň ruhy galkynyşyna ýardam etmäge goşan uly goşandy, halkymyzy Mukaddes Ruhnamanyň ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary, garaşsyzlygymyzy, mähriban Watanymyzyň batly gadamlaryny, asuda durmuşymyzy wasp edýän çeper we sungat eserleri döredendikleri we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, karar edýärin:

l. Şu aşakdaky döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk ýazyjysy»

«Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Gözel Şagulyýewa;

«Türkmenistanyň halk artisti»

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Rejepdurdy Hojagulyýewe,

Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň aýdymçysy Annaguly Babaýewiç Öwlüýagulyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti»

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Sabyr Meretgeldiýewiç Sabyrowa,

Balkan welaýatynyň Bereket şäheriniň sazçylyk mekdebiniň saz mugallymy Hanbeg Adybegowiç Nurtaganowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Bozagan Hudaýberdiýewiç Amanowa,

Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň aýdymçysy Myratgeldi Bahramowiç Baýramgeldiýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň okuw-usulyýet merkeziniň direktory Öwezmyrat Gandymowa.

2. Şu Permanyň 1-nji böleginde görkezilen Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini l müň amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamaly.

3. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Permanyň 2-nji bölüminde görkezilen maksatlar üçin pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň haýyr-sogap gaznasyndan (hasap 001735206) bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 18-nji marty

№ РР-3841