Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 2, 86-njy madda)
Kärhanalaryň, guramalaryň hem-de edaralaryň işgärleriniň iş hakynyň köpeldilmegi bilen baglanyşykly, karar edýärin:
1. 2003-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, şahsy adamlardan girdeji salgydyny alynýan girdejiniň möçberine baglylykda tapawutlandyrylan möçberlerde goşunda laýyklykda almaly.
2. "Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 14-nji martynda çykaran № 3356 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001-nji ýyl, № 3, 169-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 26-njy fewraly
№ РР-3839
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2003-nji ýylyň 26-njy fewralynda
çykaran № PP-3839 Permany
goşundy
Aýlyk girdejiniň möçberi we girdeji salgydynyň
tapawutlandyrylan möçberleri
Aýlyk girdejiniň möçberi (manatlarda) Girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
Aýlyk girdejiniň möçberi
(manatlarda)
Girdeji salgydynyň tapawutlandyrylan möçberleri
1 500 000-e çenli ýüzden 8
l 500 001-den l 700 000-e çenli ýüzden 8,5
l 700 001-den l 900 000-e çenli ýüzden 9
1 900 001-den 2 100 000-e çenli ýüzden 9,5
2 100 001-den 2 300 000-e çenli ýüzden 10
2 300 001-den 2 500 000-e çenli ýüzden 10,5
2 500 001-den 2 700 000-e çenli ýüzden 11
2 700 001-den 2 900 000-e çenli ýüzden 11,5
2 900 001 -den köp ýüzden 12
Bellik. Utgaşdyrma işinden alynýan girdejilere ýüzden 12-i möçberde ýeke-täk salgyt salynýar.