Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 10, 1037-nji madda)
Türkmenistanyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Permanlaryna üýtgetme we goşmaça girizmeli:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran 2094-nji Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň içerki gullugynyň ustawynyň 55-nji bölüminiň birinji we ikinji bentlerinde «Garaşsyz Türkmenistana gulluk edýärin», «Garaşsyz Türkmenistana gulluk edýäris» diýen sözleri «Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin!» diýen sözler bilen çalşyrmaly;
«Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny we jogapkär wezipeli işgärlerini seçip almak, olaryň ätiýaçlyk toparyny döretmek hem-de olary ýerbe-ýer goýmak işini guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaran 5539-njy Permany bilen tassyklanan, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen wezipä bellenýän hem-de wezipeden boşadylýan ýolbaşçylarynyň we jogapkär wezipeli işgärleriniň wezipeleriniň Sanawynyň 5-nji bölümine şu görnüşli täze bendi goşmaly:
«Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky Polisiýanyň ýörite orta mekdebiniň başlygy».
II. «Türkmenistanyň adalat edaralarynýň gurluşyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda çykaran 5185-nji Permanyny;
«Türkmenistanda iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 5475-nji Permanynyň 2-nji bölüminiň dördünji bendini güýjüni ýitiren hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ý. oktýabr aýynyň 01-i
№ PP-5650