Oraza baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramyny bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 8-9, 986-njy madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy berjaý etmek hem-de Täze galkynyş zamanamyzda mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, şeýle hem «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2010-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010-njy ýylyň sentýabr aýynyň 03-i.
№ PP-5645