Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 8-9, 977-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, saglygy goraýşy düýpli özgertmäge gönükdirilen «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan uly üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de berkitmek, keselleriň öňüni almagyň hem-de olary ýok etmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmagyň ylmy esasyny pugtalandyrmak hem-de iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän keseli anyklaýyş merkezlerini, hassahanalary, «Ene mähri» merkezlerini we Türkmenistanyň derde melhem ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalary ýokary derejeli lukmanlar we işine ussat hünärmenler bilen üpjün etmek, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ylmy binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmeli.

2. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň işini bes edip, onuň binalaryny we maddy-tehniki enjamlaryny Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermeli.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň hukuklary, borçlary we borçnamalary boýunça hukuk oruntutary hasaplamaly.

3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Tertipnamasyny bir aý möhletde tassyklamaly;

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H. Saparlyýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G. Elýasow, Türkmenistanyň Bilim ministri G. Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G. Saparlyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010-njy ýylyň awgust aýynyň 27-si.

№ PP-5633