Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda binýatlyk mukdarlary bellemek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanda binýatlyk mukdarlary bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda binýatlyk mukdarlary bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 5, 856-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.04.2014 ý. №PP-6547 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, döwlet paçlaryny, jerimeleri, aýlyk iş hakynyň iň az we ortaça möçberleriň şeýle hem jenaýat we administratiw kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberleri hasaplamagy düzgünleşdirmek maksady biler, karar edýärin:

1. Turkmenistan boýunça kanunçylykda göz öňünde tutulan aýlyk iş hakynyň iň az hem-de ortaça möçberlerinden hasaplanýan durmuş tölegleriniň we beýleki tölegleriň, salgytlaryň, ýygymlaryň döwlet paçlarynyň, jerimeleriň hem-de jenaýat we administratiw kanunçylygy boýunça hasaplamalaryň möçberleri üçin binýatlyk mukdarlary (pensiýanyň iň az möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk mukdar bulara girmeýär) kanunçylyk tertibinde bellemeli.

2. 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap:

durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, hasaplamak üçin binýatlyk mukdary 50 manat möçberde;

döwlet paçlary, jerimeler hem-de jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary 300 manat möçberde bellemeli.

3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. «Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, paçlary we jerimeleri hasaplamagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda çykaran 3012-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 6-njy maddasy);

«Jenaýatçylykly hereketler netijesinde ýetirilen maddy zeleliň we döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 3905-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 327-nji maddasy) güýjüni yitiren hasap etmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Japarow, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Maliýe ministri A.Goçyýew we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2010 ý. maý aýynyň 11-i.

№ PP-5594