Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 3, 762-nji madda)
Biziň ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy hemişe goldanyp gelýän halkymyz ýaşululara uly sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek ýaly iň asylly däplere eýerýär. Ýaşulularyň türkmen jemgyýetindäki mynasyp ornuny, ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekdäki aýratyn hyzmatlaryny şöhratly taryhymyzda, milli mirasymyzda we şu günki durmuşymyzda anyk duýýarys.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda we il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly, maslahatlaşyp çözmekde olaryň örän baý tejribesini, asylly ýörelgelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde çagyrmaly.
2. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini hödürlemeli.
3. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2010 ý. mart aýynyň 12-si.
№ PP-5556
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2010-njy ýylyň 12-nji martynda
çykaran PP-5556 Permany bilen
tassyklanyldy
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly
geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek,
toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Toparyň Başlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Toparyň Başlygynyň orunbasary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary
M.Akmämmedow
Toparyň agzalary
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy
Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi
Türkmenistanyň Goranmak ministri
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Baş prokurory
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy,
Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri