Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyny üýtgedip gurmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyny üýtgedip gurmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyny üýtgedip gurmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 10, 729-njy madda)

Döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek we ykdysady ylmy çaklamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyny («Türkmenmillihasabat») üýtgedip gurap, onuň düzüminden ylmy bölümleri aýyrmaly we olaryň binýadynda Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutyny döretmeli.

2. Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň («Türkmenmillihasabat») adyny üýtgedip, ony Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti diýip atlandyrmaly.

3. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň («Türkmenmillihasabat») ähli hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutary bolup durýar.

4. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 79 salgyda ýerleşýän jaýy emlägi bilen bilelikde Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň hasabyna bellenilen tertipde bermeli.

5. «Türkmenistanyň Milli statistika we çaklaýyş institutyny Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyna öwürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 21-nji aprelinde çykaran 3095-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 4-nji ýygyndysynyň 198-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 11-nji oktýabry

№ PP-4885