Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Опубликованного перевода нет — показан официальный оригинал (TK).

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 8, 564-nji madda)

«Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeniý taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamamyzda türkmen halkynyň Altyn asyry bolan XXI asyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem täze özgertmeler eýýämynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly we ýokary depginli ilerlemegini gazanmakda awtomobil ulaglary pudagynyň möhün orny eýeleýändigini nazara alyp hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak, ilata edilýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek baradaky işleri wagtynda hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirmekde möhüm orny eýeleýän we bu pudagyň kärhana-edaralarynyň işini düýpli gowulandyrmak we onuň netijeliligini has ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 24-nji awgustynda çykaran PP4834 Permanyna laýyklykda ýapylan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglar ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny 10 gün möhletde işläp taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G. Aşyrow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy H. Muhammedow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 24-nji awgusty

№ PP-4835