Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
150.100.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 3, 188-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2007-nji ýylyň aprel- iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary, şeýle hem 17 ýaşa ýeten raýatlary harby gullugy meýletin geçmek hakynda öz şahsy arzalary boýunça 2007-nji ýylyň aprel- iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 14-nji marty
№ PP-4710