Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakynda

150.090.000

140.070.090

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 3, 187-nji madda)

Harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň lukmançylyk güwä geçmesi boýunça işi kämilleşdirmek maksady bilen hem-de "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunynyň 24-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakyndaky Düzgünnamany we Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň we harby gullukçylaryň harby gulluga ýa-da harby hünärler boýunça gulluga çäklendirilen ýaramly ýa-da ýaramsyz, şeýle hem barlanylmaga we bejerilmäge mätäç diýlip ykrar edilmegine esas bolýan keselleriň hem-de şikesleriň sanawyny tassyklamaly.

2. "Türkmenistanyň graždanlaryny harby gulluga çagyrmak baradaky işi kämilleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 20-nji awgustynda çykaran 2352-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 1997-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 5877-nji maddasy);

"Harby gulluga çagyrylmaga degişli graždanlaryň ambulator ýa-da stasionar barlaga we bejermäge iberilmegine esas bolýan keselleriň we şikesleriň sanawyny tassyklamak hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 3512-nji kararyny;

"Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň gatnawly ýa-da ýatymlaýyn barlanylmaga we bejerilmäge degişli keselleriniň hem-de şikesleriniň sanawyny tassyklamak hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 3-nji noýabrynda çykaran 4894-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň 594-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Goranmak ministri A. Mämmetgeldiýew we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A. Serdarow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 14-nji marty

№ PP-4709