Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda
130.010.010
130.010.070
130.010.100
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 2, 28-nji madda)
Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we bu işi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. 2007-2008-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabryndan okatmak möhleti:
orta mekdeplerde - on ýyl;
ýokary mekdeplerde - bäş ýyl, lukmançylygyň we sungatyň aýratyn hünär ugurlary boýunça - alty ýyl bolmaly.
2. Şu Permanyň 1-nji bölüminde bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi dahylly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş toparyny döretmeli we zerur guramaçylyk-usuly resmi namalary üç aý möhletde taýýarlamaly hem-de tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.
3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň 2007-nji ýyl üçin Döwlet býujetine şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmeli.
4. Şu Permanyň ýerine ýetirlişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 15-nji fewraly
№ PP-4610