Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
010.150.010
130.040.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1520-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda telewideniýäni, radiony we kinematografiýany häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýokary ösüşlere eýe bolýan halkymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerini, Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri täze öwüşgin bilen giňden beýan etmek hem-de taryhymyzy, baý milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini döretmeli.
2. Türkmenistanyň teleradio ulgamy, telefilmler we kinofilmler babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň üstüne ýüklemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. oktýabr aýynyň 17-i
№ PP-5871