Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyny döretmek hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyny döretmek hakynda

070.190.010

070.190.030

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1505-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini, ykdysadyýetimiziň düzümleýin özgerdilmegini hem-de köpugurlylygyny üpjün etmek üçin döwletiň maýa goýum işlerini kämilleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, işläp taýýarlaýan önümçiligi ösdürmek, telekeçilik işini amala aşyrýanlaryň taslamalaryny uzak möhletli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, ykdysadyýetiň önümçilik pudagyna içerki we daşarky maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyny döretmeli.

2. Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary boýunça döwletiň maliýe wekili hökmünde Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň üstüne eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň we hususy telekeçileriň önümçiligi ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly taslamalaryna ýeňillikli karzlary bermek wezipelerini ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçyýew, Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow, Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2011 ý. sentýabr aýynyň 09-y.

№ PP-5854