Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,

döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň

möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2011-nji ýyl, № 7, 1381-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.06.2013ý. çykaran № PP-6343 Permany esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyilar üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;

pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;

talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly.

2. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

zähmet pensiýalarynyň iň ýokary möçberini aýda 645 manat möçberde;

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 630 manat, iň ýokary möçberini 850 manat möçberde;

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 775 manat möçberde;

zähmet pensiýasynyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk zähmet hakyny 820 manat möçberde;

pensiýanyň iň az möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 150 manat möçberde;

zähmet pensiýasynyň we maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň ölçegini 1 göterim möçberde bellemeli.

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 400 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

4-nji bölümi Türkmenistanyň 04.06.2013 ý. çykaran № PP-6343 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

6. «Türkmenistanda zähmet haklaryny zähmet şertlerine laýyklykda köpeltmek hem-de pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 9-njy iýulynda çykaran 5624-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2010-njy ýyldaky 7-nji ýygyndysynyň 914-nji maddasy) 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren hasap etmeli.

7. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri,

2011-nji ýylyň 8-nji iýuly

№ PP-5802