Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini
döretmek hakynda
010.150.030
090.170.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 4,5, 1296-njy madda)
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanda kosmos işini ýola goýmak, ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň üstüne Ýer ýüzüniň degişli çägine gözegçilik etmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, kosmos giňişligi bilen bagly ylmy-barlaglary geçirmek hem-de emeli hemrany Türkmenistanyň çäginden dolandyrmagy guramak wezipelerini ýüklemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary G.Mezilow, N.Şagulyýew, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Gurbanguly
Serkerdebaşysy Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri,
2011-nji ýylyň 30-njy maýy
№ PP-5776