Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan»

ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

010.200.040

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 12, 3849-njy madda)

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün berkarar Watanymyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýetli şanly waka öwrülip, ýaş Türkmen döwletiniň uzak geljege gönükdirilen syýasy ýörelgelerini kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň goldamagy bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy baradaky taryhy Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasyna öwrüldi. Bu gün Ýer ýüzüniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp halkara derejesinde giňden belläp geçýär.

Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolandan bäri geçen döwür bu belent derejäniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň görkezdi. Şu döwürde Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýelemek bilen, parahatçylygy üpjün edýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde özüni tanatdy. Sebit hem-de halkara meseleleri çözülende syýasy-diplomatik serişdelere we usullara esasy ornuň degişlidigini we oňat netije berýändigini iş ýüzünde subut etdi.

«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyz häzirki döwürde dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýär. Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Umumyadamzat bähbitli, dünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürýär we bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatyna, türkmen Bitaraplygyna sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garalýar.

Şoňa görä-de, şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany gaýtadan kabul edip, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bu bolsa, Garaşsyz Watanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tutýan ornunyň barha pugtalanýandygyna, öňe sürýän umumyadamzat bähbitli başlangyçlarynyň giň goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň goşa ganatydyr, merdana halkymyzyň uly baýlygydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Berkarar Watanymyzyň öňe tarap ynamly gadam urmagynyň, mähriban halkymyzyň agzybir zähmet çekip, parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly kepilidir. Şoňa görä-de, şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyz, parahatçylygy söýüji, hoşniýetli syýasaty baýdak edinip, özüni dünýä giňden tanadan we gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanmaga doly haklydyr. Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyz gysga döwrüň içinde dünýäniň hemmetaraplaýyn we ýokary depginler bilen ösýän, kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Gazanylýan bu beýik üstünliklerde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp goşandy bardyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini, kanunylygy üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşantlaryny, ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ruhubelentlik ruhunda terbiýelemekde görkezen ýokary hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini, işjeň hem-de önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Akja Täjiýewna Nurberdiýewany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Şamuhammet Durdylyýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Bäşimmyrat Atamyradowiç Hojamämmedowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy Pälwan Gylyçdurdyýewiç Taganowy,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Sapardurdy Toýlyýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Maýsa Meredowna Ýazmuhammedowany,

* * *

Aşgabat şäheriniň häkimi Myratniýaz Ýazmuhammedowiç Abilowy,

Ahal welaýatynyň häkimi Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy,

Balkan welaýatynyň häkimi Durdy Durdyýewi,

Daşoguz welaýatynyň häkimi Orazmyrat Gurbannazarowy,

Lebap welaýatynyň häkimi Muhammet Hudaýnazarowiç Joraýewi,

Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Durdyýewiç Annagurbanowy,

* * *

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gurbangül Geldiýewna Baýramowany,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy Atamyrat Baýmyradowiç Taýlyýewi,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Pirnazar Hudaýnazarowy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Gülşat Sahyýewna Mämmedowany,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Mämmetmyrat Geldinyýazowy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy Rejepgeldi Ýazjumaýewiç Meredowy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Atajan Bäşimowy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy Ahmet Amangeldiýewiç Çaryýewi,

* * *

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Batyr Taganowiç Atdaýewi,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri Ýoldaş Hallyýewiç Şeripowy,

Türkmenistanyň Maliýe ministri Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedowy,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Meşrepowiç Şamyradowy,

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Şatlyk Orazgeldiýewiç Hümmedowy,

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy Abdyrahim Täçmämmedowy,

Turkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Akmyrat Bayramgeldiýewiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Annabibi Täçmämmedowna Amanmedowany,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy Merdan Öwezowiç Annadurdyýewi,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Ýazguly Garowowy,

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Öwezowiç Gylyçdurdyýewi,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Hemraýewiç Allagulyýewi,

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Çüri Ýazgulyýewiç Çüriýewi,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowiç Jepbarowy,

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Serdar Agamyradowiç Baýramowy,

«Garagum» halkara paýdarlar bankynyň müdiriýetiniň başlygy Geldi Agabaýewiç Ataýewi,

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy,

Türkmenistanyň «Prezidentbank» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Arslan Myratgeldiýewiç Ataballyýewi,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri Muhammetnur Halylowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Aşyrguly Begliýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Täçdurdy Halymowiç Begjanowy,

Tiirkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy Arslan Myratdurdyýewiç Sopyýewi,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Atadurdy Berdiniýazowy,

Türkmenistanyň Energetika ministri Döwranmämmet Pirmämmedowiç Rejepowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Çary Durdygulyýewiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministri Kakageldi Isaýewiç Gurbanowy,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy Dädebaý Saparowiç Amangeldiýewi,

Türkmenistanyň Senagat ministri Saparmyrat Amanmyradowiç Orazmyradowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri Täçmämmet Saparmämmedowiç Gurbanmämmedowy,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewany,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nazarmämmet Kakabaýewiç Kadyrowy,

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy Taňyrguly Gurbangulyýewiç Paşiýewi,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowy,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministri Maksat Toturbabaýewiç Aýdogdyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Baýram Gurbandurdyýewiç Annameredowy,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy Merdan Annaberdiýewiç Aýazowy,

Turkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Rustam Awezowiç Kutlyýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygy Batyr Jumamyradowiç Hallyýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çarygeldi Çarlyýewi,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministri Seýitmyrat Eýýämberdiýewiç Taganowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri Babageldi Annabaýramowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy Maksatmyrat Ataýewiç Ataýewi,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy Nursähet Sapardurdyýewi,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy Begmuhammet Hommakowy,

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy Kuly Atalyýewiç Kulyýewi,

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy Amanmuhammet Atageldiýewiç Myradowy,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ýazgeldi Ataýewiç Annaýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Baýar Gaýypowiç Abaýewi,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Amandurdy Bekdurdyýewiç Işanowy,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy Döwran Rahymberdiýewiç Orazmyradowy,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýewi,

Türkmenistanyň Bilim ministri Pürli Nurmämmedowiç Agamyradowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesowy,

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kerim Hajyýewiç Durdymyradowy,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kakabaý Işangulyýewiç Seýdowy,

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Ýaranowiç Gulgeldiýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy Gülälek Amanowna Hanberdiýewany,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Kasymguly Gulmyradowiç Babaýewi,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Rejep Bazarowy,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Orazmämmet Saparmämmedowiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Göwher Babajanowna Baýramowany,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Öwezmyrat Islamowiç Enermyradowy,

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy Gurban Orazowiç Nepesowy,

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy Maral Almazowna Açilowany,

Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Maýsa Atamyradowna Saryýewany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilowy,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Gurtnyýaz Nuryýewiç Hanmyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Aýjemal Meňliýewna Orazalyýewany,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Meret Hezretgulyýewiç Aşyrbaýewi,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Döwletgeldi Myradowy,

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory Allaberdi Kakabaýewiç Gapurowy,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory Sülgün Jumageldiýewna Ataýewany,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory Öwezgeldi Işangulyýewi,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Saparberdi Çaryýewi,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Baba Zahyrowy,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory Gülşat Täçmyradowna Orazmuhammedowany,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Baýrammyrat Yaýlymowiç Atamanowy,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory Alladurdy Gurbanmuhammedowiç Saryýewi,

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory Nurnepes Annaýewiç Kuliýewi,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory Hajymämmet Soltanowy,

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň rektory Suwhanmyrat Allamyradowiç Baýmyradowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Annamyrat Saparmuhammedowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Ýagmyrowiç Nuwwaýewi,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Hudaýnazar Amangeldiýewi,

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Annageldi Garajaýewi,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýewi,

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Bekdurdy Amansaryýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Maksat Ataýewiç Altaýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ýazmuhammet Aşyrmyradowiç Ýazlyýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy Orazdurdy Geldinyýazowiç Hojanazarowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy Bäşim Ataýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy Nurmämmet Allaberdiýewiç Garlyýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Annasähet Seýitnazarowiç Kakaýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy Şirgeldi Işangulyýewiç Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy Ýoldaşgeldi Kuliýewiç Hanalyýewi,

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Abdurahmanowiç Rejepowy,

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory Maýýa Ahmedowna Alimowany,

«Watan» gazetiniň baş redaktory Aşyrmuhammet Saryýewi,

«Galkynyş» gazetiniň baş redaktory Merdan Amanjanowiç Gazakbaýewi,

«Nesil» gazetiniň baş redaktory Amanbaý Dädebaýewiç Aşyrowy,

«Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Hemraguly Hudaýgulyýewi,

«Aşgabat» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Paltaýewiç Mämmedowy,

«Mugallymlar gazetiniň» baş redaktory Oguljennet Tirkişowna Jumalyýewany,

«Adalat» gazetiniň baş redaktory Myrat Muhammedowiç Annamyradowy,

«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Ataýewiç Myradowy,

«Türkmen dili» gazetiniň baş redaktory Söhbet Rejepnurowiç Nurberdiýewi,

«Esger» gazetiniň baş redaktory Serdar Haýytjanowiç Myradowy,

«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Bekmyrat Kakageldiýewi,

«Garagum» žurnalynyň baş redaktory Soltaniýaz Derkarowiç Şaýymowy,

«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Aýdogdyýewna Taýjykowany,

«Diýar» žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Arazgulyýewi,

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Meretmämmet Hanmämmedowy,

«Güneş» žurnalynyň baş redaktory Gülälek Hudaýberdyýewna Babaýewany,

* * *

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy Alladurdy Ataýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory Ýagmyr Mämijikowiç Nuryýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory Gylyçmyrat Hallyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Kadyrgulyýewiç Annamyradowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň başlygy Maýa Mollaýewany,

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi Wiktor Mihaýlowiç Hramowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Kakageldi Owezgeldiýewiç Çaryýardurdyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň orunbasary Aleksandr Nikolaýewiç Žadany,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Umumy bölüminiň müdiri Yklymberdi Öwezmyradowiç Paromowy,

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Hemişelik Wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewany,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimurat Rejepowy,

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Hommadowiç Durdyýewi,

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Astana şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Magtymguly Kyýasowiç Akmyradowy,

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky (London şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazmyrat Nurniýazowiç Serýaýewi,

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Nurlyýewiç Möwlamowy,

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýewi,

Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradowy,

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýewi,

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Kakabaýewiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çary Geldiýewiç Nyýazowy,

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kakajan Mommadowy,

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şiri Akoýliýewiç Şiriýewi,

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çynar Täjiýewna Rustemowany,

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ata Öweznepesowiç Serdarowy,

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Meret Baýramowiç Orazowy,

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy,

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi,

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy,

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Kabul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hemra Amanmämmedowiç Togalakowy,

Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi,

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Baýjanowiç Haljanowy,

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewi,

Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Öwezgylyjowiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämet Elýasowy,

Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dowletmyrat Džoraýewiç Muratowy,

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky (Bişkek şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi,

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Myrat Orazmämmedowiç Mämmetalyýewi,

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýewi,

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsuly Bazarbaý Arazmetowiç Kabaýewi,

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsuly Hoja Sapargeldyýewiç Öwezowy,

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Orazmuhamet Amanmuhamedowiç Annabaýewi,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly Maksat Güjikowiç Dowdanowy;

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýewi,

* * *

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň Geňeş maslahatçysy Muratberdy Sopyýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň drama artisti Mamajan Kulyýewany,

«Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewany,

* * *

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Rahman Gelliýewi,

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Baharly şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Çaryýar Hydyrowy,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Goç obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaguly Suhanowy,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Henip Zahyrowy,

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň Lebap welaýat müdirliginiň Atamyrat etrabyndaky wekili, etrabyň baş ymamy Jumageldi Annakuliýewi,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Suhty geňeşliginiň Mülkaman obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kössek Berdimämmedowy,

* * *

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abat Sähedowna Ryzaýewany,

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň eserlerini taýýarlamak we neşir etmek bölüminiň baş ylmy işgäri Wladimir Wasilýewiç Çernikowy,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Jemleýji ykdysady ösüş, seljeriş we çaklaýyş müdirliginiň başlygy Gülnara Noýabrewna Täjibaýewany,

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Iş dolandyryş müdirliginiň başlygy-Iş dolandyryjy Muhammednyýaz Ataýewiç Ödekowy,

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Salgyt syýasaty we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň usulyýeti müdirliginiň Salgyt syýasaty we usulyýeti bölüminiň başlygy Baýmyrat Hudaýnazarowiç Haýytgulyýewi,

Aşgabat şäheriniň Ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplara durmuş taýdan hyzmat ediş merkeziniň direktory Annagül Mämiýewany,

Ahal welaýaty boýunça döwlet salgyt gullugynyň başlygy Aşyrmuhammet Ataýewiç Annaberdiýewi,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Maýa goýumlarynyň statistikasy we seljerişi müdirliginiň başlygy Dina Gennadýewna Çernesowany,

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Maliýe-ykdysady seljeriş we kompýuter tilsimatlary bölüminiň baş hünärmeni Annatäç Nuryýewna Ioliýewany,

Mary welaýatynyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Hasaphana taýdan hasaba alyş we hasabatlar bölüminiň başlygy-baş hasapçysy Oguljan Allagulyýewna Tarnawowany,

Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Şatlyk şäher toplumlaýyn bölüminiň uly döwlet gözegçisi Hojaberdi Gylyjowy,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Pul dolanyşygy we emissiýa-kassa amallary müdirliginiň başlygy Ýazgül Sähetmyradowna Ataýewany,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Işgärler syýasaty miidirliginiň baş hünärmeni Tatýana Osipowna Petrosýany,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Buhgalter hasaby we hasabatlar müdirliginiň baş hünärmeni Nazira Aliýewna Aliýewany,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Auditor gullugy müdirliginiň Içki audit bölüminiň baş hünärmeni Nadir Kadiýewiç Aliýewi,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Pensiýa tölegleri we goýum amallary müdirliginiň başlygynyň orunbasary-Pensiýa we döwlet kömek pul tölegleri bölüminiň başlygy Bahargül Akmyradowna Begliýewany,

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Hojalyk işleri müdirliginiň sürüjisi Muhammetgeldi Amandurdyýewiç Muhammetgulyýewi,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Gaz pudagyny seljeriş we geljekki ösüşini anyklaýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gurbanguly Ýazyýewi,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Gözegçilik-derňew müdirliginiň baş hünärmeni Tugury Mämmedowy,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Myradowna Annanepesowany,

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň bölüm redaktory Mämmet Arazberdyýewiç Mämmedowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology Nurýagdy Jumaýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazy arassalaýjy we guradyjy 3-nji önümhanasynyň operatory Orazgeldi Çaryýarowiç Seidowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň uly maşinisti Baýramgeldi Akmämmedowiç Hojaniýazowy,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmengözleggeofizika» müdirliginiň 22-nji geofiziki toparynyň sürüjisi Atageldi Mämekowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň başlygy Hajygurban Şahmandurdyýewiç Hajygurbanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Taganmämmet Annamyradowiç Gurbanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň baş geology Niýazmyrat Niýazmyradowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebiti taýýarlaýjy ussasy Garataý Ýegenmämmedowiç Garataýewi,

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň gurulýan desgalar boýunça direksiýasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalar boýunça bölüminiň baş hünärmeni Baýmuhammet Baýrammyradowy,

«Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Ýaşaýyş-jemagat hojalygy kärhanasynyň suwagçy-reňkleýjisi Orazberdi Guliýewiç Baýramdurdyýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş inženeriniň önümçilik boýunça orunbasary Durdymyrat Söýündurdyýewiç Atadurdyýewi,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi barlaghanasynyň başlygy Şirinjemal Hudaýberdiýewna Orazmedowany,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 8-nji Haryt-çig mal önümhanasynyň arassalaýjysy Aşyr Motyýewiç Garagulowy,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň baş inženeri Narguly Aşyrowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Maliýe-ykdysady we hasapçylyk müdirliginiň başlygy-baş hasapçysy Ogulgeldi Akyýewany,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň baş direktory Perhatmuhammet Aşyrmuhammedowiç Niýazgulyýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Tükmenenergo-gurluşyk» konserniniň Abadan demir-beton önümleri kärhanasynyň Meýilnama bölüminiň başlygy Gurbantäç Täşliýewany,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Batyr Umarkulyýewiç Jumaýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ýylylyk, awtomatika we ölçegler önümhanasynyň tapgyr başlygy Gurbanmuhammet Ataýewiç Saparowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň «Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Baharlyagyzsuw» müdirliginiň kärizçisi Saparmyrat Mämmedowy,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň «Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň işçisi Begenç Bazargeldiýewiç Ataýewi,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň 13-nji ýol gurluşyk müdirliginiň başlygy Alym Annaorazowiç Öwezowy,

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Ýöriteleşdirilen abatlaýyş we ulanyş merkeziniň Daşoguz welaýatyny üpjün edýän bölüminiň ýol bejerijisi Durdymyrat Nepesowiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Iş dolandyryş bölüminiň başlygy Taýly Koçkarowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Maliýe bölüminiň başlygynyň orunbasary Maral Orazberdyýewna Orazowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenbaşy dokma toplumynyň baş direktory Annageldi Muhiýewiç Saparowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky nah-mata kombinatynyň direktorynyň orunbasary Orazgeldi Berdyýewiç Muhiýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Baharly etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginiň ussasy Gurbanmyrat Hydyrowiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň dokmaçysy Oguljan Rabbyýewna Babahanowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Sakarçäge etrabynyň Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky pagta egriji fabriginiň işçisi Kakamyrat Saparowy,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmensement» önümçilik birleşiginiň Lebap sement zawodynyň baş mehanigi Jumanazar Rozyýewi,

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Baýramaly şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň önümhana müdiri Habib Söýünowiç Habibowy,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň duz gaplaýjy önümhanasynyň mehanigi Saparmämmet Ataýewiç Gurbangulyýewi,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Maryazot» önümçilik birleşiginiň abatlaýjy mehaniki önümhanasynyň abatlaýjysy Kakajan Çaryýewiç Işanowy,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag önümhanasynyň halyçysy Gülbahar Dädekowna Ilmedowany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gurbansoltan eje haly önümhanasynyň halyçysy Saýýara Reýimbaýewna Halbaýewany,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji tehniki aragatnaşyk bekediniň kabel kebşirleýjisi Berdigeldi Welnazarowiç Kurbannazarowy,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 7-nji tehniki aragatnaşyk bekediniň kabel kebşirleýjisi Annabaýram Sähetgulyýewi,

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Baharly etrap elektrik aragatnaşyk ulgamynyň uly elektrik mehanigi Baýramnyýaz Jaýtyýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Saparguly Işangulyýewi,

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasynyň bejerijisi Aýmyrat Bekiýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň döwlet kärhanasynyň Abadan demir ýol önümçilik böleginiň ýol bejerijisi Annasähet Hojanepesowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat lokomotiw deposynyň otly sürüjisi Gulaman Baýramowiç Hannyýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň 1-nji gurluşyk-gurnama otlusynyň sürüjisi Meretgeldi Goşaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat otlulary çekijileri abatlaýyş zawodynyň işçisi Öwezmyrat Agaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Türkmenbaşy ýük wagon deposynyň wagon gözegçisi Esen Gulanowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Bereket lokomotiw deposynyň abatlaýjysy Durdymyrat Ürkümowiç Japarowy,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Daşoguz şäheri) ýol abatlaýjysy Meretgeldi Kakaýewi,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Ýol maşyn kärhanasynyň (Mary şäheri) demir ýol gurnaýjysy Hudaýnazar Goşaýewi,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň «Türkmenistan» howa ulaglary kärhanasynyň Uçujylar toparynyň «Boeing-757» howa gämisiniň serkerdesi Wladimir Nikolaýewiç Andreýewi,

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň mugallymy Aşyrmuhammet Ýagdyýewi,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ussasy Saparguly Babaýewi,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Awtoulag hojalygynyň sürüjisi Tuwakmuhammet Ataberdiýewiç Sarjagulowy,

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sürüjisi Wladimir Mihaýlowiç Kizeri,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti müdirliginiň başlygy - baş hasapçysy Agageldy Çaryýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň «Türkmenýertaslama» institutynyň Ýer kadastry bölüminiň ýolbaşçysy Şaberdi Hallyýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary-baş agronomy Azat Sahyýewiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýa-gurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakargurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň akaba arassalaýjysynyň maşinisti Rejepberdi Joraýewiç Rahmanowy,

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Murgap Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» dolanyşygynyň buldozerçisi Mälikguly Durdyýewiç Baýsahadowy,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý tohumçylyk we tebigy seýilgähleri gorag gullugynyň başlygynyň orunbasary Taňryberdi Hommadowiç Täşliýewi,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Tokaý we öri meýdanlary barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Azat Çaryýewiç Ataýewi,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Bereket çörek kärhanasynyň çörek bişirijisi Döwrangylyç Berdigylyjowy,

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Daşoguzgalla-önümleri» önümçilik birleşiginiň un zawodynyň işçisi Berdi Durdyýewi,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Gökdepe etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Aşirmuhammet Jelliýewiç Orazlyýewi,

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Türkmengala etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Şamuhammet Gökowiç Aşyrowy,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Boldumsaz etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň ussasy Şyhy Ömürbaýewi,

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Saýat etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň merkezi barlaghanasynyň hünärmeni Äşe Beknazarowany,

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Ahal welaýat önümçilik birleşiginiň Baharly etrabyndaky «Kirpili» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Gurbannazar Tejenowiç Welläýewi,

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň Mary welaýat önümçilik birleşiginiň Mary etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Hommatdurdy Goçmyradowiç Sarygulowy,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň esasy hünärmeni Hadyžat Ibragimowna Kurbanowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Milli söwda merkezi» döwlet kärhanasynyň Ykdysady we maliýe bölüminiň başlygy Amangözel Berdigylyjowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik iýmiti» döwlet kärhanasynyň baş ykdysatçysy Jamilýa Nyýazdurdyýewna Nurmyradowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň esasy hünärmeni Lýudmila Wiktorowna Burowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň esasy hasapçysy Gözel Kakamyradowna Rustamowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gelnur Zakerýanowna Azizowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenmatasöwda» döwlet lomaý-bölek söwda kärhanasynyň baş hasapçysynyň orunbasary Nurahmet Begdullaýewi,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Medeni-durmuş, hojalyk, galantereýa harytlary döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň kömekçi işçisi Orazdurdy Tugunowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Medeni-durmuş, hojalyk, galantereýa harytlary döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň kömekçi işçisi Çary Turşekowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň 23-nji dükanynyň satyjysy Ogulnar Öwezmuhammedowna Annagurbanowany,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Baýramaly» döwlet lomaý-bölek söwda kärhanasynyň hasapçy-pulhanaçysy Jepbarberdi Garýagdyýewiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hasaba alyş bölüminiň baş hünärmeni Maral Orazgeldiýewna Amangeldiyewany,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Buhgalter hasabaty we maliýe-ykdysadyýet bölüminiň başlygynyň - baş hasapçysynyň orunbasary Maral Karrybabaýewna Atabaýewany,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň başlygy Aýkamar Muhtarowna Mälikgulyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýgül Rozmetowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Gurban Akmämmedowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maliýe-gözegçilik barlag edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýagözel Şagulyýewna Agamedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň lukmany Agamyrat Gammarowiç Amanowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Aşgabat şäher hassahanasynyň lukmany Wladimir Arşakowiç Mirumýany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň Hirurgiýa bölüminiň müdiri Jumamyrat Gurbangeldiýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Mary welaýat köpugurly hassahanasynyň Urologiýa bölüminiň müdiri Guwanç Akgaýewiç Gurbanberdiýewi,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat sport baradaky komitetiniň başlygy Kerimberdi Hudaýberdiýewiç Weljäýewi,

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgärler bölüminiň başlygy Täzegül Esenowany,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Aşgabat şäher döwlet arhiwiniň maglumat bermek işi boýunça arhiwçisi Natalýa Iwanowna Kaduşkinany,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy Baýramsoltan Myradowany,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Rus dili kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Aşyrowna Nurliýewany,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýasy kafedrasynyň müdiri Aýnabat Hanowna Çapauny,

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Deri we weneriki keseller kafedrasynyň assistenti Gözel Amanowna Kekilowany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Orkestr saz gurallary fakultetiniň dekany, Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Ýazguly Atabaýewiç Babanyýazowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijiligi kafedrasynyň esasy sazandary Natalýa Kurbanowna Durdyýewany,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Amangül Hudaýberdiýewna Mämmetýazowany,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory Berdinyýaz Atabaýewiç Babanyýazowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowany,

Tirkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Baş direktorynyň orunbasary, Mukamlar köşgüniň direktory Kerim Gurbannazarowiç Ylýasowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti Hakberdi Allamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistleri toparynyň ýokary derejeli artisti Akmuhammet Gurbanowiç Hanowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistler toparynyň ýokary derejeli artisti Gülşat Baýramowna Gurdowany,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistler toparynyň ýokary derejeli artisti Parahat Artykowiç Amandurdyýewi,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Estrada artistler toparynyň 1-nji derejeli artisti Sahydursun Aşyrowna Hojakowany,

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň Çeper döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewi,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Oguljan Bekiýewany,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Abadan medeniýet merkeziniň baş režissýory Pälwan Meredowiç Hamydowy,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň N.Saryhanow adyndaky 6-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Kakadurdy Täjimowy,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowy,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň «Gadymy Dehistan» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Aýmämmet Rahymowy,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Meretgül Gurbandurdyýewna Gurjiýewany,

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti Dursynjemal Aşyrbaýewna Gazakowany,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň Edebi drama bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Nurmyrat Orazdurdyýewiç Gylyjowy,

«Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy Nowruz Gurbanmyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Habarçylar toparynyň esasy habarçysy Maral Myradowna Kajarowany,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Döwran Garajaýewiç Bekmyradowy,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmuhammet Öwezmuhammedowiç Magtymowy,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň başlygynyň däneçilik boýunça orunbasary Baýsähet Amansähedowy,

Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkimliginiň baş hünärmeni Mahym Baýnepesowna Nazarmämmedowany,

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkimliginiň Bejeriş gurluşyk dolandyryş edarasynyň sürüjisi Mämmetgylyç Gylyçmämmedowy,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl Abadanlyk» daýhan birleşiginiň 11-nji toparynyň ýolbaşçysy Sarygyz Garlyýewany,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amangül Jollyýewany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Ahmet Jumaýewiç Mamedowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Akmyrat Ýegenmedowiç Annaýewi,

Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jorakuly Kadyrowy,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Güýçbirleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Baýramdurdy Rejepowiç Turşiýewi,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň agronomy Döwran Tagandurdyýewiç Meredowy,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýazjuma Akmyradowiç Agamyradowy,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Ata-Lewin adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Nurberdi Allalyýewiç Annagulyýewi,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň başlygynyň orunbasary Agaýusup Rahmanowiç Akadowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri

2015-nji ýylyň 2-nji dekabry

№ PP-6853