Официальные тексты · правовая информация Туркменистана

Официальный оригинал Снимок текста · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda

Официальный текст по состоянию на 2026-08-14

Обновлено на портале · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny

çagyrmak hakynda

010.190.150

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2012 ý., № 10, 2198-nji madda)

Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini belende götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň mynasyp ornuna buýsanmak bilen, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2013-nji ýylda Daşoguz welaýatynda çagyrmaly.

2. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemeli.

3. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 23-nji oktýabry.

№ PP-6201

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda

çykaran PP-6201-nji Permany bilen

tassyklandy

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparynyň

DÜZÜMI

Toparyň Başlygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Toparyň Başlygynyň orunbasary

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Hally Nazarow

Toparyň agzalary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy

Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri

Türkmenistanyň Adalat ministri

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy

Türkmenistanyň Baş prokurory

Türkmenistanyň Içeri işler ministri

Türkmenistanyň Goranmak ministri

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy